Türkmen oba hojalyk institutyna hoş geldiňiz!

Türkmen oba hojalyk institutyna hoş geldiňiz!

Türkmen oba hojalyk instituty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze açylan ýaş ýokary okuw mekdepleriniň biridir.

Institut Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji martyndaky PP-5558 belgili „Türkmen oba hojalyk institutyny döretmek hakynda“ Permany esasynda döredildi. Institut Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagynda bolmak bilen, ýokary hünär biliminiň maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet ýokary okuw mekdebidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe institut bilim, terbiýe we ylym ulgamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oba hojalygy üçin çuňňur bilimli, syýasy taýdan sowatly, Watanyna, halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýurduň bähbitlerini halkara derejesinde mynasyp gorap bilýän we häzirkizaman bazar ykdysadyýeti gatnaşyklary şertlerine laýyklykda işlemäge ukyply, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylyp, ýaşlara ýokary derejede hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilen Türkmen oba hojalyk institutynyň açylmagy, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek bilen bir hatarda, pudagyň kärine ussat, ökde hünärmenler bilen üpjün edilmegine hem uly üns berýändigine şaýatlyk edýär.

Institut 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda işe girizildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda çykaran Kararyna laýyklykda institutyň aşakdaky gurluşy tassyklanyldy:

Fakultetler:

  • Agronomçylyk
  • Weterinar lukmançylygy
  • Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek
Kafedralar:
  • Jemgyýeti öwreniş ylymlary
  • Ösümlikçilik
  • Bagbançylyk we gök ekerançylyk
  • Agrohimiýa we topragy öwreniş
  • Maldarçylyk
  • Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek
  • Oba hojalygynyň meliorasiýasy
  • Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy
  • Tebigy bilimler
  • Traktor we oba hojalyk maşynlary
  • Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak
  • Amaly mehanika
  • Kompýuter tehnologiýasy
  • Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy

Institutda aşakdaky 14 hünär boýunça talyplar ylym-bilim alýarlar:

  • Agronomçylyk
  • Agroekologiýa
  • Agrohimiýa we topragy öwreniş
  • Weterinar lukmançylygy
  • Oba hojalygynyň ykdysadyýeti
  • Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
  • Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy
  • Gidromeliorasiýa
  • Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek
  • Oba hojalygynda maglumat ulgamlary
  • Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy
  • Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy
  • Ýer gurluşygy we kadastry
  • Ýyladyşhana hojalygy

Institutyň binalar toplumy okuw binasyndan, 3 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan, medeniýet merkezinden, sport merkezinden, naharhanadan, hojalyk binalaryndan ybarat. Institutda 500 orunlyk uly mejlishana, 160 orunlyk kiçi mejlishana, 2 okalgaly kitaphana, elektron kitaphana, internet otagy talyplaryň hyzmatynda.