NICOPA taslamasy

Taslamanyň ady: Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar

Taslamanyň dowamlylygy: 15-nji noýabr 2018ý. ‒ 14-nji noýabr 2021 ý.

Utgaşdyryjy: Saken Seýfullin adyndaky Gazak agrotehniki uniwersiteti

Hyzmatdaşlar:

T/b Taraplaryň ady Ýerleşýän ýeri
P1 S.Seýfullin adyndaky Gazak agrotehniki uniwersiteti Nursoltan/Gazagystan
P2 Berliniň Tehniki uniwersiteti Berlin/Germaniýa
P3 Plowdiw oba hojalyk uniwersiteti Plowdiw/Bolgariýa
P4 Çehiýanyň raýat ylymlary uniwersiteti Praga/Çehiýa
P5 ECM kosmiki agentligi Berlin/Germaniýa
P6 Şokan Ualikhanow adyndaky Kokşetau döwlet uniwersiteti Kokşetau/Gazagystan
P7 Manaş Kozybaýew adyndaky Demirgazyk Gazagystan döwlet uniwersiteti Petropawlowsk/ Gazagystan
P8 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Aşgabat/Türkmenistan
P9 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Aşgabat/Türkmenistan
P10 Türkmen oba hojalyk instituty Daşoguz/Türkmenistan
P11 Özbegistanyň milli uniwersiteti Daşkent/Özbegistan
P12 Daşkendiň maglumat tehnologiýalary uniwersiteti Daşkent/Özbegistan
P13 Daşkendiň irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýasy inženerleri instituty Daşkent/Özbegistan
P14 Gazagystanyň Ylym we Bilim ministrligi Nursoltan/Gazagystan
P15 Özbegistan Bilimiň hiline gözegçilik edýän guramasy Daşkent/Özbegistan
P16 Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat/Türkmenistan

Taslamanyň maksatlary

Takyk ekerançylyk ugrunda ylmyň soňky gazananlaryny we Ýewropa ýurtlarynyň ýeten sepgitlerini nazarda tutup Institutda taýýarlanýan hünärmenleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirilmek hem-de täze okuw derslerini girizilmek bolup durýar. Ýewropa bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy, takyk ekerançylyk ulgamyndaky öňde baryjy tejribeligiň alyş-çalyşy arkaly institutda hünär taýýarlygy hem-de bilim ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek.

Taslamanyň wezipeleri

— Maksatlaýyn ugurda bilim zerurlyklaryny seljermek, häzirki ulanylýan okuw meýilnamalaryny gözden geçirmek
— Taslamanyň ikinji ýylynyň ahyryna çenli degişli ugurda soňky gazananlara laýyklykda häzirki ulanylýan okuw maksatnamalaryny we okuw meýilnamalaryny täzelemek
— amalyýete we talyplara gönükdirilen esasy we geçirilýän okuw meýilnamalaryny hem-de modullaryny ECTS-i (kreditleri geçirmegiň we toplamagyň Ýewropa ulgamy) ulgamyny göz öňünde tutmak bilen täzeden işläp düzmek, durmuşa geçirmek we akkreditasiýa etmek
— Hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini zähmet bazaryna ýakynlaşdyrmak

Taslamanyň meýilleşdirilen netijeleri

— Takyk oba hojalyk ulgamynda soňky gazananlara laýyklykda häzirki ulanylýan okuw meýilnamalaryny seljermek we kämilleşdirmek
— 9 sany täze işlenip düzülen esasy okuw maksatnama we 3 sany geçirilýän modul, şol sanda okuw gurşawy: takyk oba hojalygynyň tejribehanasy we wirtual okuw otagy
— Täze okuw maksatnamalaryna laýyklykda mugallymlary gaýtadan taýýarlamak
— Takyk oba hojalygynyň tejribehanasyny we wirtual okuw otagyny ulanmak
— Görkezme ussatlyk-okuwlaryny geçirmek
— Bilelikde döredilen WEB platforma doly güýjünde işlediler
— Gyzyklanýan taraplaryň goldawy esasynda takyk oba hojalygy boýunça hyzmat merkezi işlediler

WEB:
www.nicopa.eu

Türkmen oba hojalygy instituty
tohi.edu.tm