Türkmen oba hojalyk instituty «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

Türkmen oba hojalyk instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2021-nji ýylyň 20-nji martynda, 17-nji aprelinde we 15-nji maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara instituta girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-tejribeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar.

Türkmen oba hojalyk instituty barada maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş. Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş. Zelili köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş. Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-38-19; 800564-6-07-84, 800522-6-30-82.