TALYPLARYŇ HALKARA AÇYK INTERNET-OLIMPIADASY

Golaýda Russiýa Federasiýasynda “Fizika”, “Himiýa”, “Informatika”, “Ekologiýa”, “Nazary mehanika” we “Materiallaryň garşylygy” dersleri boýunça talyplaryň Halkara açyk internet-olimpiadasynyň jemleýji tapgyry geçirdi. Birinji tapgyrda iň gowy netijeleri görkezen talyplara jemleýji tapgyra gatnaşmaga rugsat berildi.

Olimpiada on-line düzgüninde kompýuter testi görnüşinde geçirildi. Internet-olimpiadanyň jemleýji tapgyryna “Fizika” dersinden 100 sany ýokary okuw mekdeplerinden 347 talyp, “Himiýa” dersinden 88 sany ÝOM-dan 362 talyp, “Informatika” dersinden 124 sany ÝOM-dan 539 talyp, “Ekologiýa” dersinden 88 sany ÝOM-dan 425 talyp, “Nazary mehanika” dersinden 48 sany ÝOM-dan 186 talyp we “Materiallaryň garşylygy” dersinden 42 sany ÝOM-dan 125 talyp gatnaşdylar.

Internet-olimpiadanyň ikinji tapgyrynda Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Sloweniýanyň 205 ýokary okuw mekdeplerinden jemi 3115 talyp gatnaşdy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň hem Halkara açyk internet-olimpiadasyna gatnaşyp gowy netijeleri görkezendiklerine begenýäris. Netijede, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary dürli derejeli 29 medala eýe boldylar, olaryň 7-si altyn, 11-si kümüş we 11-si bürünç medallardyr.

Halkara açyk internet-olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynyň netijelerine görä “Materiallaryň garşylygy” dersi boýunça Aýzüleýha Serdarowna Abdyrahmanowa, Ýakup Aşyrowiç Annagurbanow, Muhammet Çaryýewiç Jumaýew – altyn medallary gazandylar; “Nazary mehanika” dersinde Jennet Bäşimowna Bäşimowa, Begenç Çarykulyýewiç Daňatarow, Kakageldi Gurbanmuhammedowiç Agajanow – altyn medallary, Begmyradow Nepes – kümüş medaly gazandylar; “Ekologiýa” dersinde Laçyn Orazmuhammedowna Durdylyýewa – altyn medaly, Oguljemal Batyrowna Batyrowa, Jennet Akmämedowna Akmämedowa, Nartäç Karýagdyýewna Hojagulyýewa, Gulzada Mahmudžanowna Palýazowa – kümüş medallary, Enebaý Atajanowna Annalyýewa – bürünç medaly gazandylar; “Informatika” dersinde Mekan Aşyrowiç Gurbansähedow, Atajan Annabaýewiç Mergenbaýew, Kakamyrat Gurbanmädowiç Atajanow – kümüş medallary, Amankuly Orazkulyýewiç Ataýew – bürünç medaly gazandylar; “Himiýa” dersinde Azat Akmyrat ogly Durdyýew, Bahtiýar Bazarbaý ogly Saliýew – kümüş medallary, Aýjemal Gurbangeldiýewna Gurbangeldiýewna Orazowa, Oraz Muhammetgulyýewiç Berdiýew, Oguldöndi Çarygulyýewna Akmuhammedowa – bürünç medallary gazandylar; “Fizika” dersinde Göwher Merdanowa, Maýsa Narmyradowna Narmyradowa – kümüş medallary, Tahyr Arazdurdyýewiç Welkakaýew, Jennet Býaşimdurdyýewna Atabaýewa, Garlybaý Halbaýewiç Paşşaýew, Mähri Şöhratgeldiýewna Atajanowa – bürünç medallary gazandylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan çuň manyly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny ýene bir gezek subut etmegi başardylar.


Babageldi KURBANOW,
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy,
Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi