SANLY ULGAM ARKALY USSATLYK OKUWLARY GEÇIRILDI

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalarynyň netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän döwrebap özgertmeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has hem ýokary galdyrýar. Muny bolsa ýurdumyzyň her bir raýaty belent ruhubelentlik ýagdaýynda duýup ýaşaýar, işleýär we döredýär. Şonuň üçinem döwletimiziň ähli ulgamlarynda uly-uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle-de ähli ulgamlaryň sanly tehnologiýalar bilen yzygider üpjün edilmegi gazanyljak üstünlikleriň esasy binýady bolup durýar. Şol bir hatarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler hem özüniň oňyn netijelerini berýär. Muňa biziň talyp ýaşlarymyzyň halkara derejeli ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary okuw mekdepleriň derejelerini halkara derejelere çykarmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlyklar ýola goýlan.

Şeýle halkara hyzmatdaşlygyň biri hem Türkmen oba hojalyk institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy boýunça “Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar” atly taslamasy ýola goýlandyr. Bu taslamanyň dowamynda oba hojalyk ulgamynyň geljekki hünärmenleri üçin niýetlenen döwrebap okuw maksatnamalaryny, okuw gollanmalaryny, okuw kitaplaryny işläp taýýarlamak we öňde baryjy oba hojalyk tehnologiýalary bilen tanyşdyrmak işleri alynyp barylýar. Mundan başga-da bilim berýän mugallymlaryň, geljekki hünärmenleriň we oba hojalyk ulgamynyň işgärleriniň bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

2021-nji ýylyň aprel aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary taslama gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmen oba hojalyk institutyň wekillerine “Ösümlik we toprak häsiýetnamalary” atly okuw maslahaty sanly ulgam arkaly geçirdi.

Nobatdaky okuw maslahatynda Türkmen oba hojalyk institunyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda oba hojalyk ulgamyna ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň ösümligiň we topragyň potensiýalyny artdyrmak mümkinçilikleri dogrysynda bellenip geçildi. Esasanam Çehiýanyň raýat ylymlary uniwersitetiniň professory Jitka Kumhala “Ösümlik ýagdaýyny kesgitleýän görkezijeler we reňk sintezler” atly tema bilen çykyş edip, onda professor oba hojalygynda ösümliklere aralykdan gözegçilik etmek üçin ulganylýan takyk tehnikalaryň we olaryň işleýiş aýratynlyk häsiýetnamalaryň üstünde birin birin duryp geçdi. Şeýle-de şol uniwersitetiň professory Ýan Çyba oba hojylyk topraklarynyň nusgalarynyň alynyşy we topraga ekilýän tohumlaryň görnüşleri hem-de ölçegleri barada, şeýle-de däne üçin niýetlenen datçikleriň işleýiş ýollary barada seredip geçdi. Plowdiw oba hojalyk uniwersitetiniň professory Zhulieta Arnaudowa “Sentinel emeli hemralary arkaly ýer üstüne gözegçilik etmäge niýetlenen programmalar we olaryň maglumatlaryna elýeterlik” atly temadan çykyş etmek bilen gözegçilik hemra ulgamlarynyň ulanyş usullary, olarda topologiki kartalary almak we olaryň üstünde işlemegiň ýagdaýlary barada gürrüň berdi. Mundan başga-da adybir uniwersitetiň professory Krum Hristow “Hemraly Regional nawigasion ulgamlary” tema boýunça hemra ulgamlarynyň dürli ýurtlardaky gurnalyş ýagdaýlary, olaryň uçuş belentlikleri, burç gyşarmalary we sanlary baradaky häsiýetli aýratynlyklary barada giňişleýin aýdyp geçdi. Şeýle-de bu uniwersitetiň professory Dimo Atanasow “Önümçilik prosesslerini optimirlemek we innowasion tehnologiýalaryň orny” mowzukda çykyş edip önümçilik prosesslerini gurnamagyň ýagdaýlaryň we geljekde görkezijileri ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalary ulanmagyň funksional mümkinçilikleri we häsiýetnemlarynyň ýagdaýlary barada seredilip geçildi.

Şeýlelik-de geçirilen okuw maslahaty örän täsirliligi, täze maglumatlaryň köpligi we netijeliligi bilen tapawutlanyp, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny sanly ulgamlary ornaşdyrmakda, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Batyr NURYÝEW,
Döwlet DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary

Türkmen oba hojalyk instituty

Institut Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagynda bolmak bilen, ýokary hünär biliminiň maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet ýokary okuw mekdebidir.

Salgylanmalar

Habarlaşmak üçin

  • Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Ruhnama 94
  • Telefon: +993 322 9-27-47;
    Faks: +993 322 9-28-38
  • tohi@online.tm
  • Duşenbe — Anna 8:00 - 17:00