Türkmen oba hojalyk instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2022-nji ýylyň 26-njy martynda, 16-njy aprelinde we 14-nji maýynda
«AÇYK GAPYLAR»
gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar.

Türkmen oba hojalyk instituty barada maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş. Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş. Zelili köçesiniň 1-nji A jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş. Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-38-19; 800564-6-07-84, 800522-6-30-82.

HOŞ GELDIŇIZ!