Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşiginiň netijeleri

Türkmen oba hojalyk institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 10-njy dekabry güni Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigi geçirildi.

Açyk halkara internet bäsleşigi şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi.

Açyk halkara internet bäsleşiginiň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.

Bäsleşige inženerçilik ugurly hünärde we islendik ýylda okaýan talyplar gatnaşdylar.

Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparlar gatnaşdylar.
    Bäsleşigiň geçirilişi:
  • bäsleşige gatnaşyjylar grafiki programmalarynda gurnaýyş çyzgysy esasynda önümiň her bir detalynyň we önümiň özüniň 3 ölçegli modelini, şeýle hem detallardan biriniň iş çyzgysyny taýýarlamaly;
  • bäsleşige gatnaşyjylaryň her birinde şahsy kompýuteri bolmalydyr;
  • sanly grafiki programmasynyň görnüşini gatnaşyjy islegine görä saýlap biler (Autocad, Kompas-3D, Autodesk Inventor, Solidworks we beýl.);
  • bäsleşikde ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 240 minut.

Bäsleşigiň ýeňijileri ýumuşyň ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenildi we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alyndy.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenildi, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň sanawy

Habarlaşmak üçin:
Tel.: +993 322 9-33-92; +993 65 63 36 99; +993 65 66 88 24
e-mail: tohi@online.tm