TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ TALYPLARYNYŇ ÜSTÜNLIKLERI

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ TALYPLARYNYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlara hünär öwredilişini dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan bilim syýasatynyň we düýpli bilim özgertmeleriniň netijesinde milli bilim ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär, bilim-terbiýe bermek we hünär öwretmek işi barha kämilleşýär.

Ýaşlara bilim bermegi ylmy esasda guramak, okuw mekdeplerine okatmagyň häzirkizaman kämil usullaryny ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin halkara derejeli bilermenler bilen bäsleşmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, zehinli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň miwesidir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler ýokary okuw mekdebimizde geçilýän okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmaga, talyplaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga ýardam berýär. Muňa talyplarymyzyň sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirilýän halkara internet bilim bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär.

2021-nji ýylda ýokary okuw mekdebimiziň talyplary yzygiderli halkara, internet we beýleki ders bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdiler. Talyplarymyz halkara derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde 53 sany baýrakly orna, şol sanda 12 sany altyn medala, 13 sany kümüş medala, 14 sany bürünç medala, 4 sany I derejeli, 8 sany II derejeli we 2 sany III derejeli diplomlara, döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde 129 sany baýrakly orna, şol sanda 43 sany I derejeli, 49 sany II derejeli we 37 sany III derejeli diplomlara mynasyp boldular

Türkmen oba hojalyk institutynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Nazary mehanika dersinden Açyk internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiýada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9 sanysyndan jemi 41 talyp gatnaşdy. Talyplarymyz bu ders bäsleşiginde jemi 4 sany diploma, şol sanda 1 sany I derejeli, 1 sany II derejeli, 2 sany III derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Institutyň talyplary 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşigine gatnaşyp, örän oňat çykyş etdiler. Ders bäsleşigine 24 sany talyp gatnaşyp, olar 22 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň jemi boýunça talyplar 12 sany 1-nji orna, 9 sany 2-nji orna we 1 sany 3-nji orna mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş neslimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman bolmagyny dileg edýäris!