"Türkmen obasy - bagtyýarlyk mekany" atly döredijilik bäsleşigi

"Türkmen obasy - bagtyýarlyk mekany" atly döredijilik bäsleşigi

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnama-synda", “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda" we ony amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş meýilnamasynda, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we syýasy partiýalary bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni we Garaşsyz Watanymyzyň baky Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 26 ýyllygy mynasybetli «Türkmen obasy – bagtyýarlyk mekany» atly döredijilik bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

I. Umumy düzgünler

Şu düzgünnama Halkara Bitaraplyk güni we Garaşsyz Watanymyzyň baky Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 26 ýyllygy mynasybetli «Türkmen obasy – bagtyýarlyk mekany» atly döredijilik bäsleşigini (mundan beýläk - Bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bagtyýarlyk döwrüniň türkmen obasynda döwrebap özgertmeleriň, il-ýurt bähbitli ösüşleriň keşbi görünýär, şäherler bilen bäs edýän täze obalar nusgalyk gözellige beslenýär. Atlaryndan hem görnüşi ýaly, bu obalar berkararlyk, bagtyýarlyk zamanasynyň, täze zamanyň obalary - eşret-bolçulygyň, tutumly toýlaryň, halal zähmetiň ojagy.

Obalaryň gözel görkünden görnüşi ýaly, Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda täzeçilligi, ylmy esaslylygy bilen giň gerim alýan oba özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz öňe süren maksatnamalarynda, çykyşlarynda we geçirýän mejlisleridir iş maslahatlarynda obasenagat toplumynda geçirilýän düýpli özgertmeleri işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň sebitlerinde gowşamaýan depginde dowam etdirilýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, döwrebap obadyr şäherçeler gurulýar.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan bagtyýar talyp ýaşlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda alnyp barylýan oba özgertmelerini, oba durmuşyny, döredilýän täze döwrebap obalaryň nurana keşbini çeper beýan etmek, şeýle hem olarda oba gözelliklerine bolan bolan çuňňur söýgüni has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk instituty döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigi guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýetçilik guramalary çykyş edýär.

Bäsleşigiň geçirilýän jemleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýular.

II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

Bäsleşigiň geçirilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygyny hasa-da dabaralandyrmaga, giň dünýä garaýyşly we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

    Bäsleşigiň maksady:
  • Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda alnyp barylýan oba özgertmelerini, oba durmuşyny, döredilýän täze döwrebap obalaryň nurana keşbini çeper beýan etmek;
  • talyp ýaşlarda oba gözelliklerine bolan bolan çuňňur söýgüni has-da artdyrmak;
  • ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we olary döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrmak;
  • ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
  • talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek

    Bäsleşigiň wezipeleri:
  • zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
  • sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak;
  • ýokary okuw mekdepleriň jemgyýetçilik guramalarynyň özara gatnaşyklaryny berkitmek.

III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmen obasy – bagtyýarlyk mekany» atly döredijilik bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen oba hojalyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

    Guramaçylyk topary:
  • ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
  • bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;
  • ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan gelip gowşan işlere bellenilen talaplar boýunça adalatly bahalandyryp, ýeňijileri kesgitleýärler.

IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler.

    Bäsleşik şu aşakdaky görnüşler boýunça geçiriler:
  1. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan oba özgertmelerini, oba durmuşyny giňişleýin beýan edýän makala ýazmak;
  2. Oba durmuşy, oba gözellikleri bilen baglanyşykly goşgulary döretmek;
  3. Oba durmuşy, oba ilaty üçin döredilýän mümkinçilikler barada hekaýa ýazmak

4.2. Bäsleşige hödürlenjek işler metbugatda çap edilmedik bolmaly.

4.3. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Türkmen obasy ― bagtyýarlyk mekany» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň tohi@online.tm elektron salgysyna ugratmaly.

4.4. Gatnaşyjylar özleri barada anyk maglumatlary (bilim alýan ýokary okuw mekdebi, fakulteti, hünäri, ýyly, telefon belgisi) barada maglumatlary görkezmeli.

4.5. Bäsleşige gatnaşýan talyp işi özbaşdak ýazmaly, göçürilen bolmaly däl we işler awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly (iş göçürilendigi ýüze çykarylsa bäsleşikden aýrylar).

4.6. Bäsleşige hödürleniljek işler 2021-nji ýyyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

4.7. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümine Türkmen oba hojalyk institutynyň we Daşoguz welaýatynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden düzüler. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory tassyklaýar.

4.8. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

4.9. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arza-şikaýatlar eminler toparyna tohi@online.tm elektron salgysy arkaly ýüz tutulyp bilner.

4.10. Arza-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.

V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegi we sylaglamagyň tertibi

5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär.

5.2. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmen oba hojalyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

5.3. Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň manyly, gyzykly we çeper ýazylan işleri göz öňünde tutup, emin agzalarynyň netijeleri boýunça:

  • Makala ýazmak boýunça – I, II we III derejeli diplomlar;
  • Goşgy döretmek boýunça – I, II we III derejeli diplomlar;
  • Hekaýa ýazmak boýunça – I, II we III derejeli diplomlar.

5.5. Bäsleşigiň ýeňijileri baradaky we olaryň ýerine ýetiren işleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdiriler.

Habarlaşmak üçin:
Telefon belgiler: +993 322 9-40-68, +993 65 283439
e.mail: tohi@online.tm, ylhamaty@mail.ru