Ýumuşlar
Halkara bitaraplyk güni mynasybetli talyplaryň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara internet bäsleşiginde sizi hoş gördük!
Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara internet bäsleşigiň rejesini (Aşgabat wagty bilen görkezilen) size iberýäris (gün tertibi goşundyda).
Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara internet bäsleşiginiň geçiriliş tertibi barada maglumaty size iberýäris (geçiriliş tertibi goşundyda).
Birikmek üçin otagyňyzy (auditoriýaňyzy) öňünden taýýarlamagyňyzy haýyş edýäris.
Ýüze çykýan soraglaryňyzy çekinmän şu e-poçta ýa-da tohi_tm@sanly.tm, baba.kur@gmail.com, dovletdurdyyev4@gmail.com bilen habarlaşyň.
Bäsleşigiň geçirilişi:
Bäsleşigiň ýeňijileri ýumuşyň ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň ýeňijileri we olaryň ýerine ýetiren işleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdiriler.
Bäsleşikde hödürlenjek ýumuşa meňzeş ýumuş we onuň ýerine ýetirişini şu salgydan ýükläp bilersiňiz!
Habarlaşmak üçin:
Tel.: +993 322 9-33-92, +993 65 93 16 38, +993 65 94 17 40
e-mail: tohi_tm@sanly.tm