Ynsan bagty nirede?

Gepleýşem, geýnişem, hatda ýüz-gözem beýleki talyplardan tapawutlanyp barmansoň, ilki bada olary öz ilimiziň ýigitlerinden saýgarmak gaty müşgil. Diňe ady we familiýasyny tutanyňda olaryň Owganystan Yslam Respublikasyndan gelendiklerini saýgarmak mümkin. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, dostlukly goňşy Owganystan Yslam Respublikasyndan gelip Bitarap Watanymyzyň bilim ojaklarynda ýokary bilim alýan owgan ýaşlarynyň ýürek buýsanjy türkmen Liderine minnetdarlygy daglardan aşýar. Aslynda ynsan bir zada begenende, şatlygyny paýlaşagan bolýar. Hawa, bu günler Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýan owganystanly ýaşlaryň buýsanjyny diňläniňde muňa ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Olar Owganystanyň çäklerinde Akina-Andhoý demir ýolunyň hem-de Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ulanmaga berilmeginden juda göwni hoş. Biz hem hormatly Prezidentimiziň pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berlen Türkmen oba hojalyk institutynda okap bilim alýan owganystanly talyplaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik:

Eid Mohammad Razaqyar Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby:

— Özüm 1995-nji ýylyň 23-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Jawzjan welaýatynyň Qazançi baba obasynda doguldym. 2009-njy ýylda Jawzjan welaýatynyň IBN Ýamin adyndaky mekdebi mekdebini tamamladym. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanda bilim alýaryn. Munuň üçin men öz adymdan hem-de özüm bilen bile okap ýören ýoldaşlarymyň adyndan, döredip berlen şeýle mümkinçilikler üçin hormatly Prezidente minnetdarlyklarymyzy bildirýäris.

Türkmenistana gelenimiz bäri her gün agşam efire goýberilýän “Watan” habarlar gepleşigine tomaşa etmek biziň üçin adata öwrüldi. Bu habarlar gepleşiginiň üsti bilen, parahatsöýüjilikli Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolup geçýän taryhy wakalar, şanly seneler we buýsançly hoş habarlar bilen içgin tanyşmak bolýar. Ynha şu günlerde biziň we özümiz ýaly Türkmenistanda bilim alýan Owganystanly ýaşlaryň arzuwlap garaşýan pursady bolan, Owganystan Yslam Respublikasynda Akina –Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol şahasynyň, kuwwaty 500 kW, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan Kerki (Türkmenistan) – Andhoý (Owganystan) elektrik aragatnaşyk hem-de halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi biziň ählimiziň baýramçylyk ruhumyzy goşalandyrdy. Çünki, demir ýoly, halkara geçirijiler ykdysady taýdan ähmiýetli bolmak bilen çäklenmeýär. Onuň geçjek ugrundaky ýurtlarda, hususan-da, Owganystan Respublikasynda durnuksyz ýagdaýyň saklanýandygy göz öňünde tutulanda, bu taslama gatnaşýan döwletleriň ählisiniň ony amala aşyrmak ugrundaky syýasy erkini birleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ýene-de bir gezek bu halkara taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler üçin ähli owganystanly talyplaryň adyndan Bitarap ýurduň hoşniýetli Liderine minnetdarlyklarymyzy bildirýäris.

Faisal Ahmady Türkmen oba hojalyk institutynyň Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby:

— Men 1996-njy ýylyň 17-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Lagman welaýatynyň Alingar etrabynyň Sangar obasynda doguldym.

Ildeşlerimiz hormatly Prezidentiň owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömekleri berip durýandyklaryndan habarly, olar bu ynsanperwerlikli aladalary üçin hormatly Prezidente müň mertebe taňryýalkasyn aýdýarlar. Aýratyn-da, Türkmenistan döwletiniň hormatly Prezidenti owgan topragynda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary ýerine ýetirýär. Owganystanyň parahatçylykly durmuşynyň binýadyny pugtalandyrmakda we durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermekde birnäçe başlangyçlar öňe sürülýär. Milli Lideriň başlangyçlary esasynda ýeňillikli nyrhlar bilen elektrik energiýasyny hem-de suwuklandyrylan gazy ibermegiň, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagynyň özi biziň halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.

Ynha üstümizdäki 2021-nji ýyly “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň esasyny düzýär. Bitarap Türkmenistan dostluk, parahatçylyk söýüjilik hem-de özara kömek bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerip, biziň Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine uly goşant goşmak arkaly, biziň halkymyza döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmakda anyk kömek edýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň syýasy durnuklylygynyň, durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Şu ýerde “Lapis Lazuli” (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe) ulag geçelgesiniň taslamasy barada aýratyn durup geçmek isleýärin. Çünki, parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin amatly şertleri üpjün edýär we sebitiň ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm şertini emele getirýär. Bu ýol möhüm halkara geçelgä öwrülmek bilen, sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekden ybarat bolup, millionlarça adamlaryň bähbidine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga gulluk eder.

Mohammadi Noor Mohammad Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti hünäriniň 2-nji ýyl talyby:

Men 1999-njy ýylyň 20-nji maýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Jowuzjan welaýatynyň Garkan etrabynyň Şordepe obasy doguldym.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletinde biz üçin döredilen okamak mümkinçiligi üçin, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirýärin. Diňe men däl, Owganystan Yslam Respublikasynyň dürli welaýatlaryndan gelip, Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň sany gitdigiçe artýar. Nesip bolsa, biz ýokary bilim alyp, öz ýurdumyza dolanyp baranymyzdan soň hem Türkmenistany ýadymyzdan hiç haçan çykarmarys.

Türkmen oba hojalyk institutynda talyplar bilen geçirilýän okuwlar sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ýokary derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda okatmagyň häzirkizaman multimediýa usullaryny ulanmak arkaly geçirilýär. Türkmen ýaşlary bilen birlikde bize hem dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe bermek barada öňde goýan wezipelerini berjaý etmek ugrunda ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary janaýaman zähmet çekýärler. Aýratyn hem okuw sapaklarymyzdan boş wagtlarymyzy manyly geçirmek üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap kitaphana, elektron kitaphana Medeniýet we sport merkezleri biziň hyzmatymyzda. Özümä boş wagtymy sport merkezinde geçirýärin. Sportuň woleýbol görnüşi bilen içgin gyzyklanýaryn. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarys. Şeýle bolansoň meniň hem, beýleki ýoldaşlarymyň hem ýokary amatlyklary bolan institutda, parahat, asuda berkarar döwletde bilim almak bagtyna eýe bolanymyz üçin Türkmenistanyň Prezidentine alkyşlarymyz çäksizdir.

Biz bu döredilen mümkinçilik üçin özümizi diýseň bagtly hasap edýäris. Adamam näme, özüniň bagtly boljak ýerini saýlap-seçýär-dä. Ine, meniň, beýlekileriňem ýokary bilim almak üçin Türkmenistany saýlap almaklary şonuň üçindir.


Ýazga geçiren: Meýlis BALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni.