TAKYK OBA HOJALYGY BOÝUNÇA GÖRKEZME USSATLYK-OKUWLARY

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ýanwar aýynyň 11-16-y aralygynda Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän Takyk oba hojalygy boýunça hyzmat merkezi tarapyndan institutynyň professor-mugallymlary üçin görkezme ussatlyk-okuwlary geçirildi.

Okuwlar Ýewropa komissiýasynyň ERASMUS+ maksatnamasy boýunça institutynda “Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar” (NICOPA) atly durmuşa geçirilýän taslamanyň meýilnamasy esasynda guraldy. Takyk ekerançylygyň tehnologiýalary we onuň artykmaçlyklary hem-de bu ugurda dünýä tejribesiniň gazanan netijeleri bilen tanaşdyrmak görkezme ussatlyk-okuwlarynyň maksady boldy.

Sapaklar Berlin Tehniki uniwersitetinde takyk ekerançylygyň innowasion tehnologiýalary boýunça hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçip gelen mugallymlar D.Durdyýew, B.Nuryýew, B.Kurbanow hem-de taslamanyň işçi toparynyň agzalary bolan mugallymlar A.Ataýewa, G.Ýazmedowa, B.Orazgylyjow, Ş.Pygamow tarapyndan degişli temalar boýunça berildi.

Temalar boýunça maglumatlary özünde saklaýan bukletler we diskler gatnaşyjy mugallymlara paýlandy.


Döwlet DURDYÝEW,
Babageldi KURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary.