Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň goýberilişi boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýubileý, diňleýjileriň onunjy goýberilişi boldy. Döwlet dolandyryşy ulgamynda tejribeli hünärmenleriň 28-si ikinji ýokary bilim barada diplom aldylar. Bu professor-mugallymlar düzüminiň umumy dersleriň onusyndan we ýötite dersleriň hem-de tematiki ugurlaryň ýigrimisinden ybarat maksada gönükdirilen ylmy-barlag işleriniň netijesidir.

Okuwyň esasy maksady – döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini we ýurtda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň hem-de Prezidentimiziň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň jähtinden olaryň başarnygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwesifikasiýalaşdyrmak boýunça wezipeler innowasion menejmente, ähli derejede döwlet gullugynyň takyk hem sazlaşykly işlemegine, hünärmenleriň we ýolbaşçylar rezerwiniň sistemalaýyn taýýarlanmagyna daýanýar. Munuň özi işiň we hukuk medeniýetiniň netijeliligini, zähmet öndürijilgini hem-d innowasion işjeňligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet dolandyrylyşyny guramagyň täze gurallaryny kemala getirmegi şertlendirdi.

Sanly ulgama geçmek şertlerinde döwlet gullukçylarynyň başarnygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň ýanwaryndaky Karary bilen Döwlet gullugy akademiýasy, onuň düzümi barada Düzgünnamany, şeýle hem okuwa kabul etmegiň Tertibini tassyklady.

Bu resminama strategik häsiýetli bolup, ozaly bilen, ol has başarjaň hünärmenler, şol sanda dolandyryryjylar bilen uly möçberli milli taslamalary we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir hem-de Döwlet gullugy akademiýasynda ykdysadyýetiň pudaklaryny dolandyrmak boýunça ýolbaşçylar üçin uzak möhletleýin okuwlary, şeýle hem bilim bermegiň magistrlik maksatnamalaryny göz öňünde tutýar.

Hut şu esasy wezipeler hem Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlarynyň ministrlikleriň we pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň esasy hünärmenleri bilen bilelikde alyp baran meýilnamalarynyň hem-de okuw maksatnamalarynyň, toparlaýyn we özbaşdak sapaklarynyň, umumy okuwlarynyň hem-de seminarlarynyň, testleriniň hem webinarlarynyň kemala gelmegi üçin binýat boldy. Okuwlar diňleýjiler hünär işiniň özeni bolan bilimlerini we esasy başarnyklaryny ýokarlandyrar ýaly edilip gurnaldy.

Ýewropanyň, Aziýanyň we GDA-nyň esasy ugurdaş institutlarynyň hem-de akademiki mekdepleriniň wekilleri bolan daşary ýutly lektorlaryň we halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw dersleriniň geçilmegi Döwlet gullugy akademiýasynda diňleýjileri täzeden taýýarlamagyň aýratynlyklarynyň biri boldy.

Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde RF-iň Başgyrdystan Respublikasynyň Baştutanynyň ýanyndaky Döwlet gullugy we dolandyryş akademiýasynyň professory, hukuk ylymlarynyň doktory Dinara Minnigulowa «Döwlet gullugy: halkara tejribesi we milli tejribeler», «Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak: innowasion çemeleşmeler», « Döwlet gullukçylarynyň hukuk derejesi: halkara tejribesi we milli tejribeler», «Döwlet dolandyryşy ulgamynda ylmy-barlag işleri: häzirkizaman ýörelgeleri we innowasion çemeleşmeler» temalary boýunça trening elementleri bolan umumy sapaklar tapgyryny geçirdi.

2020-nji ýylyň mart-maý aýlarynda BMG-nyň ÖM-nyň we Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň maglumatlar-kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) hünärmenleri üçin «Sanly dolandyryş» synag okuwlary guraldy. Tassyklanan tematika boýunça esasy dersleriň onusy, umumy we amaly sapaklar barlanyp görüldi.

Milli maslahatçy-mugallymlar bilen birlikde onlaýn-görnüşde sapak geçirmäge Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň maglumatlar serişdelerini dolandyrmak, döwlet gurluşygy we dolandyryş kafedralarynyň wekilleri hem goşuldylar.

Onlaýn-treningleriň netijesi boýunça belorussiýaly kärdeşlerimiz bu başlangyjyň umuman akademiki toparlarda uzak aralykdan bilim bermegi ornaşdyrmaga täsirli itergi berjekdigini bellediler.

Döwlet gullugy akademiýasynda diňleýjileri taýýarlamagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we daşary ýurtlaryň öňde baryjy tejribesini hem-de okatmagyň interaktiw usullaryny göz öňünde tutýan döwlet dolandyryşy ulgamyny kämilleşdirmek wezipelerine esaslanýan magistrlik täze okuw meýilnamalary işlenilip taýýralanyldy we tassyklanyldy:

Döwlet dolandyryşy – okuwyň möhleti 2 ýyl;

Ylym we bilim işini dolandyrmak -- okuwyň möhleti 1,5 ýyl;

Hukuk ylymlaryny öwreniş -- okuwyň möhleti 1,5 ýyl;

Işgärleri dolandyrmak - okuwyň möhleti 1 ýyl;

Sanly dolandyryş -- okuwyň möhleti 1 ýyl.

Şeýle hem tematiki ugurlaryň altysy boýunça 72 sagatlyk gysga wagtlyk we döwlete degişli bolmadyk edaralaryň, guramalaryň hem-de kärhanalaryň hünärmenlerini täzeden taýýarlamak boýunça 2 ýyllyk tölegli okuw meýilnamalary işlenilip taýýarlanyldy hem tassyklanyldy.

Ygtyýarlykly çemeleşmegi durmuşa geçirmek interaktiw görnüşli sapaklary giňişleýin ulanmagy göz öňünde tutýar. Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw kurslarynyň çäklerinde kompaniýalaryň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar, ýerli we daşary ýurtly hünärmenleriň ýolbaşçylygynda teleköprüler we telemaslahatlar, uzak aralykdan sapaklary guramak göz öňünde tutulan.

BMG-nyň ÖM, BMG-nyň Ilat Gaznasy we Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde diňleýjilerde seljerme, söhbetdeşlik we guramaçylyk, şol sanda meýilleşdirmek we dolandyryş çözgütleriniň hukuk kadalaryna laýyk gelmegini gazanmak babatda diňleýjileriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça bileikdäki taslamalary dowam etdiriler.