Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Garaşsyz Diýarymyzda “Türkmenistanyň Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” at bilen geçirilen ylmy-amaly maslahatynyň Türkmen oba hojalyk institutynda 3-nji “Aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri” bölümi geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň 3-nji bölüminde çykyş edenler Aralýaka sebitiniň durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine Alym Arkadagymyzyň işjeň ýardam edýändigini uly buýsanç bilen giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýeri gelende institutda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň şor akaba suwlaryny ulanyp duza durnukly ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek”, “Duza çydamly ösümlikleri (galofitleri) we süýji buýany ösdürip ýetişdirmek arkaly şorlaşan ýerleri özleşdirmek” hem-de “Zeýkeş suwlaryny ulanmak arkaly şorlaşan ýerlerde şalyny ösdürip ýetişdirmek” ýaly ylmy-barlag işleriniň alnyp barylýandygyny ýatlap geçmek ýakymly bolsa gerek.

Häzirki döwürde ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwrülendigi baradaky çykyşlar maslahatyň düýp özenini düzdi.

Daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan işleriň arasynda ýurdumyzyň Demirgazyk çägindäki Sarygamyş kölüniň gündogarynda, Bötendag belentliginiň töwereginde 20 müň gektar ýerde tokaý zolaklaryny döretmek işleri hem Aral deňziniň guramagy sebäpli ýüze çykýan duzly, tozanly ýelleriň öňüni almakda möhüm çäreler bolup durýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Medeniýet merkeziniň giň eýwanynda ylmy-amaly maslahat hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergi-de çöl ösümlikleriniň dürli görnüşli baglaryň we gülleriň birnäçe görnüşleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan birnäçe ugurlaryny, ylmy açyşlary şöhlelendirýän taslama işleri sergä gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.

Maslahata gatnaşyjylar Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.