"BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE" BAGYŞLANAN BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda dabaraly bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli täze okuw ýylynyň başlanýandygyny aňladýan ilkinji jaň kakmak dabarasyna bagyşlanyp baýramçylyk çäresi geçirildi.

Onda ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki dünýä ýüzündäki abraýy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi Gahrymanlarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eziz Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň giň gerimli beýany aýdyň şöhlelenip, köňüllere nur çaýdy. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul edilen ýaşlara institutynyň simwoliki açarynyň hem-de talyplyk şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli edebi-sazly çykyşlary, okan buýsançly goşgulary baýramçylyk ruhuny has hem arşa galdyryp, dabara gatnaşyjylaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutylýan ýörelgelere öwrülendigi baradaky çykyşlar baýramçylyk dabarasynyň düýp özenini düzdi.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebinde däp bolup gelýän ilkinji jaň kakmak dabarasy boldy. Bu kakylan jaň bagtyýar talyplaryň kalbynda şowlulygyň hem-de bagtyýarlygyň sesi bolup ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň bagtyýar nurunyň astynda ylym-bilim alýan ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra ýokary okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyplary institutyň muzeýi hem-de kitaphanasy bilen tanyşdylar.

«Ilkinji jaň» dabarasy kalplary heýjana salýan şowhunly aýdymdyr sazlary, goşgudyr gazallary bilen 1-nji ýyl talyplarynyň kalbynda müdimilik orun aldy. Şatlykly dabarada edilen çykyşlarda Gahryman Arkadag Prezidentimiz, mähriban halkymyz, ata Watanymyz belent ruhda wasp edildi. dabaranyň dowamynda edilen göwünleri ganatlandyryjy çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň buýsanç, guwanç duýgulary belentden ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

«Ilkinji jaň» dabarasynyň ahyrynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren hormatly hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler ýaňlandy.