TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HOŞALLYK MASLAHATY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tyllaýy güýzi ajaýyp wakalara, şanly senelere baýlygy bilen tapawutlanýar. Berekede baý bolan tylla meňiz güýzüň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegi şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Maslahat köşgünde umumy okuw sapagyny geçmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabarasyny has-da artdyrdy. Şeýle şanly wakalardan ruhlanan Türkmen oba hojalyk institutynyň professor mugallymlarynyň we bagtyýar talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň geçen umumy okuw sapagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. hoşallyk maslahatynda çykyş edenler watansöýüjilige, millilige, beýik ahlak kadalaryna ýugrulan bu umumy okuw her bir diňleýjiniň ýüreginiň töründäki ajaýyp arzuw-umytlaryna, näzik duýgularyna ganat berendigini uly buýsanç bilen bellediler. Uly ruhubelentlige ýugrulan çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuwda eden taryhy çykyşy watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, päk ahlaklylygyň, zähmetsöýerligiň hormatyna dikilen mizemez heýkele öwrülip, ýüreklerde baky orun aldy diýlip nygtaldy.

Ýokary mugallymçylyk ussatlygyň nusgasy bolan umumy okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz barlygyň, bakylygyň, döwletli-döwranyň alamaty bolan ýaşyl Tugumyz barada uly buýsanç bilen gürrüň berip, «Biziň ýaşyl baýdagymyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr!» diýmek bilen bütin durkuň bilen Watan mukaddesligine uýmakda Döwlet baýdagymyzyň ornunyň ulydygyna ünsi çekmegi Watan mukaddesligi hakyndaky duýgularymyza ganat berdi. Çünki ýaşyl Tug Watan hakyndaky mukaddes düşünjeleri kesgitläp, halkymyzyň milli özboluşlylygyny, ruhy ýörelgelerini beýan edýän gymmatlyk hökmünde ykrar edilendir diýlip çykyşlarda nygtaldy.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda çuňňur many-mazmuna, pelsepewi garaýyşlara, ägirt uly öwredijilik we terbiýeçilik ähmiýete eýe bolan bu umumy sapagyň taryhy pursatlara baýlygy bilen tapawutlandygy hoşallyk maslahatynyň dowamynda aýratyn bellenildi. Umumy okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň Watana bolan söýginiň ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudygyna, onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýandygyna, milletimiz üçin Watandan beýik gymmatlygyň, halkymyzdan eziz düşünjäniň ýokdugyna aýratyn ünsi çekip, «Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar» diýen dürdäne jümleleri hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň Watan mukaddesligini wasp etmäge ýugrulan çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.