GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP «GARAŞSYZLYK ŞUGLASY» ATLY GOŞGULAR ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp Türkmen oba hojalyk institutynyň we onuň garamagyndaky Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň, hünärmenleriniň ýürek buýsanjy jemlenen «Garaşsyzlyk şuglasy» atly goşgular kitaby elimize gowuşdy. Baş baýramymyza bagyşlanyp döredilen eserlerde, şahyrana toý gutlaglarynda iň gowy arzuwlar, buýsançly sözler ýaňlanýar. Ýaşlaryň joşgunly setirlerinde nygtalyşy ýaly, «Aşyk Aýdyň, üç ýüz altmyş erenleriň, pirleň ýurdunda» — gül-gülüstan, bagy-bossan Watanymyzda toýlar toýa ulaşýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň miwesi bolan özgertmeleriň netijesinde bilim, ylym dünýäsinde okaýan, öwrenýän, döredýän her bir ynsan üçin täze gözýetimler açylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleri olara ylham, joşgun berýär. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ýüreginden başlap, ähli sebitlerini, oba durmuşyny gurşap alýar, döwrebap obalarymyz şäherler bilen bäs edýär. Gahryman Arkadagly ajap eýýamyň waspy bolan eserlerde belent ýaňlanýar.

Şeýle-de kitapda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň many-mazmuny açylyp görkezilýär, olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ganatyna deňelýär. Diýarymyzyň tebigatynyň dört pasyldaky gözelligi, türkmen baharynyň owadan görnüşleri kitapda çeper beýan edilýär. Sähramyza aşyk ýürekleriň aýdymynda Günüň dogşy, bilbilleri owazy, Garagumuň müňde bir gözellikleri, derde derman ot-çöpleri wasp edilýär.

Türkmen bedewi, nepis halylary ýaly milli gymmatlyklarymyz kalplardan joşup çykýan bagtyýarlyk owazlarynda çeper suratlandyrylýar. Asty hem, üsti hem hazynaly ülkämiz bagyň keşbine deňelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Bu hoş habar ýaş ýazyjy-şahyrlaryň hem kalbyny joşdurýar. «Garaşsyzlyk ýalkymy» atly kitapdaky dana Pyraga bagyşlanan setirlerden hem muny görmek bolýar.

Oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça kämil bilim alýan, hünär öwrenýän ýaşlaryň goşgularynda türkmen obasynyň bagtyýarlyk döwrümizdäki keşbini, oba durmuşynyň täsinliklerini, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmelere «Altyn asyr» Türkmen köli ýaly iri desgalaryň gurulmagyna buýsanjy görmek bolýar. Kitapda nygtalyşy ýaly, «Polat at» üstünde gujurly ýaşlar» döwrebap tehnikalardyr tehnologiýalara erk edip, egsilmez joşgun, hyjuw bilen okap, işläp, halal zähmetiň hözirini görýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda elimize gowşan bu kitap Garaşsyzlyk miwelerini, bedew batly ösüşlerimizi, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň many-mazmunyny çeper sözleriň üsti bilen açyp görkezip, halkymyzy abadançylygyň hem-de bagtyýarlygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlara beslenendir.