DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Tütkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly şanly, taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenilip bellenilýän ýylyny halkymyz uly zähmet ýeňişleri bilen bezeýär. Gazanylýan üstünlikler halkymyzda uly kanagatlanma duýgusyny döredip, täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp, ulanylmaga berlen Türkmen oba hojalyk istitutynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişlerine besläp, ýurdumyzyň baş baýramyna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýärler. Institutyň professor-mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary baş baýramymyz mynasybetli döwlet derejesinde yglan edilen dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmen oba hojalyk istitutynyň mugallymy Aýjeren Tagandurdyýewanyň Tütkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Tütkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Tütkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim işgärleriniň arasynda geçirien «Arkadagyň paýhasyndan gülleýär Garaşsyz Diýar, parahatçylyk, ynanyşmak bu gün dünýäde ykrar» atly döredijilik bäsleşiginde tapawutlanyp, I orna mynasyp bolmagy aýdanlarymyzy tassyklaýar. Ýeri gelende bu ýokary okuw mekdebinde kalby ylhamly, döredijilige sarpa goýýan mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekýändiklerini, talyp ýaşlaryň ençemesiniň bilim alyp, hünär öwrenýändiklerini bellemelidiris.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagy, geljegimiziň nurana hem-de parlak bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!