ÄDIMME ÄDIM SANLY MÜMKINÇILIKLER AÇYLÝAR

Türkmen oba hojalyk institutynda “Elektron-dolandyryjy” atly içki bilim portaly hereket edýär. Institutyň içki bilim portaly arkaly hasap-synag möwsümlerinde synaglar kabul edilýär, şeýle hem talyplaryň aralyk jemlemeleri geçirilýär. Programmada talyplaryň şahsy otagy bolup, onda test soraglary onlaýn görnüşinde işlemek, institutyň elektron okalgasyndan zerur kitaplardan, gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da institutda “tohi-portal” atly täze içki bilim portaly taýýarlandy. Bu içki bilim portalynda mugallymlar we talyplar üçin şahsy sahypalar göz öňünde tutulandyr.

Türkmen oba hojalyk institutynyň www.tohi.edu.tm web-saýty hereket edýär. Web-saýtda institutda bolup geçýän täzelikler, institutyň düzümi, alnyp barylýan okuw, ylmy-barlag, halkara hyzmatdaşlygy dogrusynda maglumatlar, usuly maslahatlar ýerleşdirilip, olar yzygiderli baýlaşdyrylýar.2021-2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen institutda Moodle platformaly täze döwrebap saýty döredildi. Moodle platformasy uzak aralykdan okuwy gurnamak üçin niýetlenen, açyk kodly platformadyr. Onuň kömegi bilen mugallymlar, talyplar okatmagyň häzirkizaman usullarynyň doly güýjünde peýdalanyp bilýärler. Moodle platformasynda her bir ulanyjy üçin şahsy otag bar bardyr. Onda her bir mugallym öz sapaklaryna degişli maglumatlary, sapak ýazgylaryny, gollanmalary, kitaplary, sapaga degişli testleri ýükläp bilýärler. Degişli maglumatlara degişli bellikleri edip, talyplara kitabyň haýsy babyny okamadalydygyny, haýsy ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmelidigini we ş.m. görkezip bilýär. Şeýle hem mugallym her bir tema degişli maglumatlary, talyplarda gelen jogaplary aýratynlykda seredip bilýär. Mugallym her bir ýumuş üçin talyplary onuň ýerine ýetirilmeli wagtlaryny görkezip bilýär. Okuw prosesine degişli dürli statistiki maglumatlary hem almaklyk bolýar.

Talyplar bu platformany ulanmak arkaly mugallymdan sanly görnüşde islendik maglumatlary alyp, olary özleşdirip bilýär. Talyp hem adaty sapakdaky maglumatlary, ýoldaşlary we mugallym bilen aragatnaşygy saklap bilýär. Sapak üçin niýetlenen wagt tamamlandan soň hem sapaga degişli maglumatlary öz şahsy otagyndan alyp bilýär. Moodle platformasynyň ýene-de bir aýratynlygy sanly görnüşdäki maglumatlaryň gorunyň bir ýerde jemlenendigi we islendik ýerden oňa elýeterliliginiň bardygydyr.

Talyp ýaşlara kämil derejede bilim-terbiýe bermek, hünär öwretmek, ylmy işler bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik we sport çärelerine işjeň gatnaşmak hem-de medeniýetli dynç almak üçin döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys!