TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNDA TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY ÝYLYNDA ÝURDUMYZDA GIŇDEN BELLENIP GEÇILÝÄN ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY WAGYZ-ÜNDEW DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her günümiz uly şatlyk-şowhunly baýramçylyklara, şanly wakalara beslenýär.

Şu günler ähli halk bolup ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýän “Ýaşulularyň halkara güni” baýramçylygy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly wagyz-ündew duşuşygy geçirildi.

Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilen aýdym-sazly wagyz-ündew duşuşygynda Hormatly il sylagly ýaşulular, mährem eneler çykyş edip, türkmeniň edep kadalarynda ýaşula sarpa, ýaşula hormat goýmagyň milli ýörelgelerimiziň naýbaşylarynyň biridigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Baýramçylyk dabarasynda ýokary okuw mekdebimiziň aýdym-saz döredijilik toparynyň taýýarlan edebi-sazly çykyşlary myhmanlara hem-de dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Çünki bu ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleriň, milli mirasymyzyň wasplary nygtaldy, şeýle-de türkmen türkmen halk aýdymlary uly buýsanç bilen ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda bu çärä gatnaşýan il sylagly ýaşululara baýramçylyk gymmat bahaly sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.