TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmen oba hojalyk institutynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze neşir edilen ýene-de bir ajaýyp şa eseri bolan“TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI” atly kitabynyň 13-nji tomunyň çap edilmegine bagyşlanyp professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsiniň halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri barada gyzykly baý maglumatlar bilen giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze ylmy işiniň soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly öwrenmek mümkinçiligi bolan köp sanly daşary ýurtlaryň hünärmenleri üçin fitoterapiýa boýunça ähmiýetli gollanma öwrülendigini aýratyn nygtadylar.

Täze neşiriň sahypalarynda ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýär.

Şatlyk-şowhuna beslenen bu tanyşdyrylyş dabarasynda ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki dünýä ýüzündäki abraýy, türkmen bedewleriniň waspy, Bitarap ýurdumyzyň bedew batly okgunly ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň eziz Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň giň gerimli beýany aýdyň şöhlelenip köňüllere nur bagyşlady.

Mähriban Arkadagymyzyň adyna “TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI” atly kitabynyň 13-nji tomunyň neşir edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny, alkyş sözlerine aýdyp, Milli Liderimize türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda ylmyň inçe syrlaryny ele alyp ýiti galamynyň astynda kemala gelýän kitaplaryny yzygiderli halkymyza peşgeş berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Hormatly Arkadagymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.