ONLAÝN OKUWLAR GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak şeýle-de ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, meýletinçilik hereketiniň ähmiýetini düşündirmek şeýle-de ýaşlaryň kanunçylyk babatda sowatlylygyny, birek – birege hoşniýetli gatnaşyklary, haýyr – sahawatlylyk we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary hem-de meýletinçilik hereketini ösdürmegiň olaryň arasynda adamkärçilik, rehim – şepagatlylyk, ynsanperwerlik gymmatlygyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ýokary okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda sanly ulgam arkaly “Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri” atly onlaýn okuw-maslahaty geçirildi.

Uzak aralykdan teleköpiri arkaly geçirilen okuw-maslahaty Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Sanly bilim konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak döwlet syýasatyndan ugur alnyp geçirildi. Bu bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri çykyş edip, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde, ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çygryndaky kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we bu işlere ýaşlary çekmekde ýaş meýletinçileriň orny barada talyp ýaşlara giňişleýin düşünje berdiler.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek we ony ýokary okuw mekdebinde giňden peýdalanmak, maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, institutda bar bolan kompýuterleriň, proýektorlaryň, merkezi serwer kompýuterine degişli enjamlaryň üsti yzygiderli doldurylmagy mugallymlaryň işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Okuw-maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhradyny dünýä dolduran Gahryman hem mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, işlemäge, okamaga, döretmäge döredip berýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.