Sanly tehnologiýany ornaşdyrma – maldarçylygy ösdürmegiň netijeli usuly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, beýleki pudaklar bilen bir hatarda maldarçylygy ösdürmegiñ anyk ugurlaryny kesgitleýär. Maldarçylykda maglumat aragatnaşyk tehnologiýasy sanly ykdysadyýete geçmäniň iň bir möhüm ugurlarynyň biridir. Sanly maldarçylyk - şu günki günde dünýäde ýöne bir täzelik bolman eýsem innowasion usula geçmek we bu pudagy has-da ösdürmekligi aňladýar. Sanly tehnologiýa bu pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar.

Maldarçylyk pudagynda her bir mal boýunça hasaplamalary awtomatlaşdyrma geçen asyryň 70-nji ýyllarynda başlandy. Kompýuter tehnologiýanyň ösmegi bilen maldarçylykda ýokary hilli we ynamly maglumatlar toplanyp başlandy. Şeýle-de ösen hojalyklardan, tohumçylyk hojalyklardan, laboratoriýalardan we döwlet weterinar gulluklardan kämilleşmek maksady bilen maglumatlaryň alyş-çalşygy başlandy. Bu bolsa tejribeleri has-da artdyrmaga ýardam berdi. Resminamalar bilen işleşmek eke-täk elektron görnüşe geçildi. Adam tarapyndan goýberilýän ýalňyşlyklar azaldy. Maglumatlary barlamak has-da ýeňilleşdi. Egerde maglumatlar işgärler tarapyndan üýtgeşmeler girizmek zerurlygy ýüze çyksa we girizilse awtomatik ýagdaýda elektron poçta arkaly jogapkär işgärlere üýtgeme barada sorag barýar. Bu bolsa resminamalaryň aýlanşygynda, iş öndürjilikde we finans çykdaýjylaryň azalmagyna uly ýardam berýär.

Köpçülikleýin innowasion tehnologiýa geçmek- bu önüm öndürmek boýunça bäsleşige ukyply kärhana öwrülmäge uly ýardam berýär. Ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrýar. Girdejiler has-da artýar. Mallarda tohumçylyk işlerini dolandyrmak, olaryň önümliligini gözegçilikde saklamak, önümleriň hilini ýokarlandyrmak, geljekde önüm öndürmegiň prognozyny işläp taýýarlamak has-da aňsatlaşýar. Şeýle ýagdaý bäsleşige ukyply önüm öndürlişini has-da artdyrmaga ýardam berýär.

Maldarçylykda sanly tehnologiýany girizmekligiň esasy maksady:

  • Girdejini artdyrmak
  • Normatiw resminamalary önümçiligiň talabyna laýyk ýöretmek (tohumçylyk, zootehniki, weterinar hasaplar we hasabatlar)
  • Her bir işgäre çykýan çykdajyny azaltmak
  • Mallaryň genetiki potensialyny kesgitlemek
  • Önümçiligi gözegçilige almak, önümçiligi talaba laýyk seljerme bermek (et-süýt önümçiligi, ot-iýmleriň sarp edilişi we şuňa meňzeşler)
  • Geljekde önüm öndürmegiň prognozyny işläp taýýarlamak
  • Öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak (bäsleşige ukyply önüm öndürmek)
  • Maldarçylygy has-da ösdürmegiň ýollaryny tapmak (ýitgileriň sebäplerini ýüze çykarmak, hojalyga zyýan berýän mallary ýüze çykarmak)
  • Ykdysady görkezijilere baha bermek

Egerde maldarçylyga sanly tehnologiýa ornaşdyrylsa aşakdakylaryň hasabyna sarp edilýän wagt azalýar:

  • Maldarçylyk hojalygy boýunça maglumatlar bir ýerden girizilýär
  • Daşky alamatlary boýunça mallaryň genologiýasy emele gelýär we mallary importirlemek üçin ähli maglumatlar taýýar bolýar
  • Sagym boýunça maglumatlar awtomat ýagdaýda gelip durýar
  • Elektron gurallar (terezi we skaner) arkaly mallaryň agramy we beýleki görkezijileri gelip durýar
  • Hojalykda işgärler tarapyndan goýberilen ýalňyşlyklary we gysgaltmalary ýerinde duýup düzetmeklige mümkinçilik bolýar

Sanly tehnologiýa arkaly maldarçylyk hojalyklarynda diňe bir tohumçylyk boýunça işler ýeňilleşmän eýsem beýleki hünärmenleriň ýagny otçulyk boýunça brigadiriň, buhgalteriň we weterinar wrajyň işleri has-da ýeňilleşýär.

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny şu günki günde ösdürmegiň esasy usuly sanly tehnologiýany ornaşdyrmak bolup durýar. Şeýle edilende mallaryň önümliligi, nesil berijiligi has-da artýar we önümiň özüne düşýän gymmaty aşaklaýar. Hojalykda bir wagtda tohumçylyk görkezijileri boýunça, iýmitlendirilişi boýunça, ot-iým öndürmek boýunça we önümi öndürmek üçin sarp edilýän harajatlary boýunça tejribe almaga we dolandyrmaga doly mümkinçilik bolýar.

Meretmät MERETMÄDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Mallaryň kesellerini
anyklamak we bejermek kafedrasynyň müdiri