2021-2022-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemek, geçen okuw ýylynda halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip ýeňiji bolan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi

Arkadagly Serdarymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzda dürli bäsleşikler yzygiderli gurnalýar. Muňa mysal edip, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän Döwlet ders bäsleşigini, halkara we internet ders bäsleşiklerini ylmy bäsleşikleri, şeýle hem sport ýaryşlaryny, döredijilik bäsleşiklerini görkezmek bolar. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary bu bäsleşiklerde institutymyza mynasyp wekilçilik edip, yzygiderli baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.

2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň halkara derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde jemi 32 sany medala, şol sanda 6 sany altyn medala, 18 sany kümüş medala, 8 sany bürünç medala, jemi 59 sany diplomlara, şol sanda 20 sany I derejeli diploma, 25 sany II derejeli diploma we 14 sany III derejeli diploma, döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde bolsa, jemi 170 sany baýrakly orunlara, şol sanda 40 sany 1-nji baýrakly oruna, 64 sany 2-nji baýrakly oruna, 66 sany 3-nji baýrakly oruna mynasyp bolmaklary bu ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň näderejede ýokarydygyndan habar berýär.

Şeýle hem, 2021-2022-nji okuw ýylynda institutyň mugallymlary we talyplary “Ýylyň mugallymy”, “Ýylyň talyby”, “Akyl giňişligi”, “Talyp gözeli” ýaly bäsleşiklerde, ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginde hem üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolandyklaryny aýratyn nygtamak bolar.

Şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen bu baýramçylyk çäresinde institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary talyp ýaşlara ruhy lezzet paýlady.

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.