Türkmen oba hojalyk institutynda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda dabaraly bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda dabaraly bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli täze okuw ýylynyň başlanýandygyny aňladýan ilkinji jaň kakmak dabarasy geçirildi.

Onda ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki dünýä ýüzündäki abraýy, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň eziz Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň giň gerimli beýany aýdyň şöhlelenip köňüllere nur bagyşlady.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde ýokary okuw mekdebine nobatdaky kabul edilen talyplara talyplyk şahadatnamasynyň hem-de institutynyň simwoliki açarynyň gowşurylmagy mynasybetli edebi-sazly we okap beren buýsançly çykyşlary baýramçylyk ruhuny has hem arşa galdyryp, dabara gatnaşyjylaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Hut şonuň üçin Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutylýan ýörelgelere öwrülendigi baradaky çykyşlar baýramçylyk dabarasynyň düýp özenini düzdi.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebinde däp bolup gelýän ilkinji jaň kakmak dabarasy boldy. Bu kakylan jaň bagtyýar talyplaryň kalbynda şowlulygyň hem-de bagtyýarlygyň sesi bolup ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim alýan ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen geçirilen ilkinji okuw sapagy 2022-2023-nji okuw ýylynyň özboluşly badalgasy boldy.