Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

Türkmen oba hojalyk instituty durnukly ösüş ulgamynda halkara abraýyny pugtalandyrýar

15.10.2026

5


Türkmen oba hojalyk instituty durnukly ösüş ulgamynda halkara abraýyny pugtalandyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda öňdebaryjy sanly we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylym we bilim ulgamyny ösdürmäge, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ägirt uly üns berilýär. “UI GreenMetric Sustainable University Rankings 2026” durnukly ösüşiň abraýly halkara reýtinginde Türkmen oba hojalyk institutynyň gazanan nobatdaky ýokary görkezijileri Türkmenistanyň ekologik taýdan ugur alan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Halkara reýtingiň resmi şahadatnamasyna we hasabatyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebimiz dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň arasynda 858-nji orny eýeläp, milli derejede öz ornuny berkitdi we Türkmenistan boýunça mynasyp 4-nji orny eýeledi.

Institutyň professor-mugallymlar düzüminiň hem-de talyp ýaşlarynyň döwlet ekologik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, döredijilikli we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak hem-de öňdebaryjy oba hojalyk ylmyny giňeltmek ugrunda alyp barýan maksadalaýyk, giň möçberli işleri Garaşyz Watanymyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny gazanylýan ýokary netijeler aýdyň görkezýär.

Aýnur ŞYHYÝEWA,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby