Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

“MERDANA TÜRKMEN ALABAÝY – KEREMLI TEBIGATYŇ AJAÝYP PEŞGEŞI” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

22.10.2026

9


“MERDANA TÜRKMEN ALABAÝY – KEREMLI TEBIGATYŇ AJAÝYP PEŞGEŞI” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milletiň milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny we tebigy baýlyklaryny öwrenmek hem-de dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasynda şanly taryhymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Türkmen alabaýlaryna aýratyn orun degişlidir.

Türkmenistanda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda “Merdana türkmen alabaýy – keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň mugallymlary, ylmy işgärleri we talyp ýaşlary paýhasly alabaý itlerimiziň taryhy, olaryň biologik hem-de seleksiýa aýratynlyklary barada gymmatly çykyşlary bilen işjeň gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda bellenilişi ýaly, türkmen alabaýy diňe bir öý haýwany ýa-da çopan ýoldaşy bolman, eýsem halkymyzyň wepalylyk, batyrlyk, merdanalyk hem-de dostluga sarpalylyk ýaly beýik häsiýetleriniň aýdyň nyşanydyr. Maslahatyň dowamynda taryhy, weterinariýa we maldarçylyk ylymlarynyň çäklerinde birnäçe wajyp temalar boýunça giňişleýin ylmy çykyşlar diňlenildi:

Maslahatda çykyş edenler alabaý itleriniň dünýä medeniýetindäki ornuna ýokary derejede baha berip, olaryň dünýä derejesinde yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de wagyz edilmeginiň barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy gorap saklamaga, geljekki nesillere ýetirmäge we dünýä ýaýmaga  berýän uly goldawlary hem-de döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Selbi MEREDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ÝUNESKO klubynyň ýolbaşçysy