Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ MÖHÜM ÜSTÜNLIGI: РИНЦ-de 1000 YLMY MAKALA

05.11.2026

8


TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ MÖHÜM ÜSTÜNLIGI: РИНЦ-de 1000 YLMY MAKALA

Türkmen oba hojalyk instituty ylmy-barlag işlerini ösdürmekde möhüm netijäni gazandy. Institutyň ylmy makalalarynyň sany Russiýanyň ylmy sitirleniş indeksinde (РИНЦ), ýagny eLIBRARY.RU Ylmy elektron kitaphanasynyň platformasynda 1000-e ýetdi. Bu üstünlik institutyň professor-mugallymlar düzüminiň neşir işjeňligini ýokarlandyrmak, ylmy kuwwatyny ösdürmek we ylmy-barlag işleriniň netijelerini halkara ylmy maglumat giňişliginde giňden tanatmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň möhüm görkezijisidir.

eLIBRARY.RU Ylmy elektron kitaphanasy ylmy neşirlere, awtorlar we guramalar baradaky maglumatlara, şeýle hem ylmy işleriň netijelerine elýeterliligi üpjün edýän iri maglumat platformalarynyň biridir. Russiýanyň ylmy sitirleniş indeksi (РИНЦ) ylmy neşirleri ulgamlaşdyrmaga we olaryň sitirleniş derejesini seljermäge mümkinçilik berýän bibliografik maglumatlar binýadydyr. Institutyň ylmy işleriniň bu platformada ýerleşdirilmegi olaryň alymlar, mugallymlar, aspirantlar we talyplar üçin elýeterliligini ýokarlandyrýar, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilim hem-de ylmy-barlag edaralary bilen ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Ylmy makalalaryň sanynyň 1000-e ýetmegi institutyň professor-mugallymlar düzüminiň, ylmy işgärleriniň we degişli düzüm bölümleriniň maksada okgunly alyp barýan işleriniň netijesidir. Bu ugurda ylmy-barlag işlerini geçirmek, ylmy makalalary taýýarlamak, halkara ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmak, ylmy tejribe alyşmak we ylmy işi guramagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmen oba hojalyk institutynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri oba hojalyk ylmynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Olara oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, bagbançylygy we gök ekerançylygy ösdürmek, suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak, gidromeliorasiýa, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar degişlidir. Bu ugurlarda gazanylýan ylmy netijeler oba hojalygynyň amaly meselelerini çözmäge, okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmäge we ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Gazanylan bu üstünligiň ylym bilen bilimiň arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda hem aýratyn ähmiýeti bardyr. Mugallymlaryň we ylmy işgärleriň neşir işjeňliginiň ýokarlanmagy talyplaryň ylmy-barlag işlerine giňden çekilmegine, özbaşdak ylmy gözleg endikleriniň kemala gelmegine, taslama taýýarlamak başarnyklarynyň ösmegine we ýaş alymlaryň taýýarlanmagyna ýardam berýär. Ylmy neşirleriň okuw işinde peýdalanylmagy geljekki hünärmenleri oba hojalyk ylmynyň häzirki zaman gazananlary we öňdebaryjy tehnologik çözgütler bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

РИНЦ-de ylmy makalalaryň sanynyň 1000-e ýetmegi diňe bir mukdar görkezijisi bolman, eýsem ylmy-barlag işleriniň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin möhüm itergidir. Geljekde institut ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek, ylmy neşirleriň sanyny we hilini ýokarlandyrmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki ylmy işleri taýýarlamak hem-de ylmy gözlegleriň netijeleriniň ähmiýetini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirer.

РИНЦ-de 1000 ylmy makala ýetilmegi Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy işiniň taryhynda möhüm sepgit bolup, ylmy mundan beýläk-de ösdürmek, ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak we oba hojalyk pudagyna innowasiýalary ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň işgärler düzümi ýurdumyzyň oba hojalyk ylmyny ösdürmäge, täze nesil ylmy işgärleri taýýarlamaga we Türkmenistanyň oba hojalygynyň durnukly ösüşine gönükdirilen ylmy-innowasion başlangyçlary durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmagy dowam etdirer.

Babageldi KURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy