Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

“HASYL TOÝY – DÖREDIJILIKLI ZÄHMETIŇ, RYSGAL-BEREKEDIŇ, AGZYBIRLIGIŇ BAÝRAMY” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

03.11.2026

29


“HASYL TOÝY – DÖREDIJILIKLI ZÄHMETIŇ, RYSGAL-BEREKEDIŇ, AGZYBIRLIGIŇ BAÝRAMY” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynda Hasyl toýy mynasybetli “Hasyl toýy – döredijilikli zähmetiň, rysgal-berekediň, agzybirligiň baýramy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Hasyl toýunyň milli däp-dessurlarymyzda we jemgyýetçilik durmuşymyzda eýeleýän orny, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, oba hojalygynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, azyk bolçulygyny berkitmek, daýhan zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleler barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem bereketli hasylyň kemala gelmeginde daýhanlaryň tutanýerli zähmetiniň ähmiýeti, ýerden bol hasyl almagyň ylmy esaslary, ýaş nesli milli daýhançylyk däplerine hormat goýmak we halal zähmete sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek meselelerine aýratyn üns berildi.

Çykyşlaryň dowamynda Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Ýazguly Ataýew “Oba hojalygynyň durnukly ösüşi – azyk bolçulygynyň kepili” atly temasy boýunça çykyş edip, oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini gazanmakda ylmyň we täze tehnologiýalaryň ähmiýeti, topragyň hasyllylygyny gorap saklamak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleler barada durup geçdi. Şeýle hem oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetini belledi.

Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Bahar Ýusupowa “Hasyl toýy – daýhan zähmetiniň netijelerini ýaş nesle öwretmek we halal zähmete hormaty güýçlendirmegiň baýramy” atly temasy boýunça çykyş edip, bu baýramyň ýaş nesli zähmetsöýerlik, jogapkärçilik we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini giňişleýin beýan etdi. Şeýle hem milli daýhançylyk däplerini ýaş nesle öwretmegiň, zähmetiň netijesinde gazanylýan rysgal-berekede sarpa goýmagyň wajypdygyny nygtady.

Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň uly mugallymy Döwlet Durdyýew “Döredijilikli zähmet we bereketli hasyl – bagtyýar durmuşyň binýady” atly temasy boýunça çykyş edip, oba hojalyk önümçiliginde häzirki zaman tehnikalarynyň we mehanizasiýanyň ähmiýeti, daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmekde oba hojalyk maşynlarynyň tutýan orny, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de bereketli hasylyň öndürilmeginde döredijilikli zähmetiň ähmiýeti barada çykyş etdi. Bu çykyşlar maslahatyň mazmunyny baýlaşdyryp, onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar gyzyklanma bilen diňlenilip, olaryň mazmuny boýunça pikir alşyldy. Maslahat mugallymlaryň we talyplaryň oba hojalyk pudagynyň ösüşine, ylmy-tehniki täzeliklere bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, daýhan zähmetiniň gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmek hem-de tejribe alyşmak babatda ähmiýetli boldy.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, ylmyň we bilimiň kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem-de döredijilikli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk we tükeniksiz alkyşlar bildirdiler.

Eset ÖWÜLÝAGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy