Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesle çuňňur ylmy bilimleri we ýokary hilli bilimi bermek, şeýle hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Şu meseleleriň ýokary derejede wajypdygyny nazara alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşigiň Guramaçylyk toparyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň 94 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 280-e golaý geljegi uly ylmy taslama işleri gelip gowuşdy.
Ylmy barlaglaryň tanyşdyrylyşy we bilermenler tarapyndan seljerilmegi iki güne niýetlenendir. 11-12-nji noýabrda taslamalaryň awtorlary sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly ygtyýarly eminler toparynyň öňünde göni aragatnaşykda çykyş edýärler. Öz ylmy-barlag işlerini we inženerçilik işläp taýýarlamalaryny Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Rumyniýanyň, Moldowanyň we Täjigistanyň talyplary tanyşdyrýarlar. Gatnaşyjylaryň geografiki taýdan giň wekilçiligi bu bäsleşigiň oba hojalyk ylmy babatda öňdebaryjy tejribeleri we innowasion pikirleri alyşmak üçin abraýly halkara meýdança öwrülendigini aýdyň görkezýär.
Iki günlük taslamalary goramagyň we hödürlenen işläp taýýarlamalaryna baha bermegiň netijeleri boýunça her bir ugurda I, II we III orunlara mynasyp bolan ýeňijiler hem-de baýrakly orunlary eýelän gatnaşyjylar Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli diplomlary bilen sylaglanarlar.
Maral ORAZBAÝEWA,
Ösümlikçilik kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty