ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA INŽENER WE KOMPÝUTER GRAFIKASY
BOÝUNÇA VIII INTERNET DERS BÄSLEŞIGINI GURAMAK WE GEÇIRMEK HAKYNDA
D Ü Z G Ü N N A M A
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda
sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden
ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri
boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleri
bilen netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda 2026-njy ýylyň 14-nji
aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VIII
internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça
VIII internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy
bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde
Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly,
ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasy çykyş edýär.
Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.
II. Bäsleşigiň maksady
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak
hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady:
- ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy
maglumatlary alyş-çalyş etmek;
- ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
- talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin
pikirlenmäni ösdürmek;
- talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny
berkitmek;
- häzirki döwürde ýüze çykýan seljerme we taslama işlerini ýerine ýetirmekde talyplaryň ukybyny barlamak;
- halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary
kesgitlemek we goldamak;
- inžener we kompýuter grafikasy boýunça ylmy täzelikleri hem-de döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek.
III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.
Guramaçylyk topary:
- ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de
ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
- bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
- bäsleşigiň ýumuşlaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.
IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
- 4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim
maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler.
- 4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň
we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy
mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri)
2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.
- 4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylar sanly grafiki programmalarynda gurnaýyş
çyzgysy esasynda birnäçe detallardan ybarat bolan önümiň 3 ölçegli modelini, şeýle hem detallardan biriniň iş
çyzgysyny taýýarlamaly. Sanly grafiki programmasynyň görnüşini gatnaşyjy islegine görä saýlap biler (AutoCAD,
Kompas-3D, Autodesk Inventor, Solidworks we beýl.).
- 4.4. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde sagat 13:00-da başlanýar.
- 4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.
- 4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.
- 4.7. Bäsleşige berlen wagt tamamlanandan soňra, talyplar ýerine ýetiren işiniň elektron görnüşini hem-de onuň
“.pdf” ýa-da “.jpg” görnüşindäki ýokary hilli nusgasyny 15-20 minudyň dowamynda institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna
ugratmaly.
- 4.8. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji
serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.
- 4.9. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty,
goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap, internet maglumatlaryny
ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
- 4.10. Bäsleşikde ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 240 minut.
- 4.11. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.
- 4.12. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
- 4.13. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň
ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.
- 4.14. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy
kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.
V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
- 5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde
hasaba alynýar.
- 5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i
I derejeli, 15%-i II derejeli we 20%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
- 5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda
ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
- 5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin tel.: +99365633699; +99362424864;
e.mail:tohi_tm@sanly.tm