Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigi

19.10.2026

16


“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigi

Hormatly kärdeşler!

 

 

Türkmen oba hojalyk instituty 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigine talyplaryňyzy gatnaşmaga çagyrýar.

 

Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus.

 

Bäsleşigiň maksady – talyplary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan, oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak ýaly oba hojalygynyň möhüm meselelerini özbaşdak çözmeklige çekmeklik bilen, olaryň ylmy taýdan pikirleniş, ylmy-barlag ukyplaryny we döredijilikli çemeleşme endiklerini ösdürmek bolup durýar.

 

Bäsleşigiň wezipeleri: oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak boýunça talyplaryň bilimlerini giňeltmek; ylmy çemeleşmeler boýunça talyplaryň düşünjelerini çuňlaşdyrmak we olary oba hojalyk meselelerini çözmekde ulanmaklygyny gazanmak; talyplary Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde oba hojalygynyň orny bilen tanyşdyrmak; oba hojalygynyň meselelerini ýüze çykarmak we seljermek arkaly talyplarda pikirleniş we ýüze çykýan meseleleri gysga wagtda çözmeklik ukyplaryny ösdürmek; talyplarda durnukly ösüş babatynda jogapkärçilik duýgylaryny terbiýelemek; oba hojalyk pudagy üçin innowasion we amaly çözgütleri işläp taýýarlamak; talyplaryň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) babatynda gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak.

 

Bäsleşigiň ugurlary:

1.   Oba hojalyk taslamalary

2.   IT-taslamalary

3.   Işewürlik taslamalary

 

Taslamanyň ýazgysyna we prezentasiýasyna bildirilýän talaplar hem-de talyplaryň ylmy-taslama işleriniň baha beriş görkezijileri barada maglumatlar bilen düzgünnamada giňişleýin tanyşyp bilersiňiz.

 

Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri institutyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

 

Habarlaşmak üçin: Türkmen oba hojalyk instituty,

                                tel: (+993322) 9-34-59; faks: (+993322) 9-27-48

                                e-mail:            tohi_tm@sanly.tm; tohi.tm.info@gmail.com

                                                       baba.kur@gmail.com