Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

“HALKARA HUKUGY WE GLOBAL DÜNÝÄ” ATLY YLMY IŞLERIŇ WE DÜZME ÝAZMAK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

31.10.2026

17


“HALKARA HUKUGY WE GLOBAL DÜNÝÄ” ATLY YLMY IŞLERIŇ WE DÜZME ÝAZMAK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek maksady bilen golaýda Türkmen oba hojalyk institutyň talyplarynyň arasynda “Halkara hukugy we global dünýä” atly ylmy işleriň hem-de düzme ýazmak bäsleşikleri geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny berkitmek, baky Bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmek, talyp ýaşlaryň halkara hukugy, global meseleler we milli hukuk ulgamy boýunça ylmy gözleglere höwesini artdyrmak bolup durýar. Hödürlenen işler halkara hukugyň häzirki zaman meselelerine, Bitaraplyk ýörelgelerine, kiberhowpsuzlyga we adamzat bähbitlerine ugrukdyryldy.

Bäsleşige ähli fakultetleriniň talyplary gatnaşyp, halkara hukugyň häzirki zaman meselelerine, Bitaraplyk ýörelgelerine we global dünýädäki meselelere bagyşlanan işleri hödürlendi, gatnaşyjylar şahsy we toparlaýyn tertipde ylmy işleri hödürlediler, düzme ýazmak ugrunda bolsa diňe şahsy işler kabul edildi.

Ylmy işler boýunça bäsleşiginde I orny Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begenç Makgyýew, II orny Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Öwez Ýaşuzakow, III orny Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulgerek Zakirjanowa eýeledi. Düzme ýazmak bäsleşiginde I orny Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Öwez Ýaşuzakow, II orny Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mahym Durdygylyžowa, Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Roza Miriýewa hem-de Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýjan Töräýewa, III orny Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýna Badakowa, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Bägül Annaberdiýewa, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ejegyz Kakamyradowa, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Bägül Orazowa hem-de Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şanur Şyhyýew eýeläp, ýeňijiler diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Esen AMANKULYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy