Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly geçirilen III halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň jemleri jemlendi

12.11.2026

155


“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly geçirilen III halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly geçirilen III halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Bu bäsleşik Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusiýadan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan zehinli talyplary, ýaş alymlary hem-de ýaş gözlegçileri bir ýere jemledi.

Bäsleşik geljegi uly ylmy işläp taýýarlamalary hödürlemek, innowasion pikirleri alyşmak we ýaş nesliň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin halkara meýdança öwrüldi. Hödürlenen taslamalar üç sany esasy ugur boýunça: “Oba hojalyk taslamalary”, “IT-taslamalary” we “Işewürlik taslamalary” seljerildi. Eminler toparynyň geçiren bahalandyrmasynyň netijesinde iň gowy işler üçin gatnaşyjylara I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.

“Oba hojalyk taslamalary” ugry boýunça ösümlikçiligiň, maldarçylygyň, ösümlikleri goramagyň we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen ylmy işläp taýýarlamalar hödürlendi. Olaryň hatarynda sinýognoý taýajygy (Pseudomonas aeruginosa) tarapyndan döredilýän ýokanç kesellere garşy bakteriofaglary ulanmak, gök ýertudananyň täze şertlere uýgunlaşdyrylyşy, sygyrlarda mastit keselini bejermegiň usullaryny işläp düzmek, şeýle hem oba hojalygynyň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly ylmy-barlaglar aýratyn bellenildi. Türkmenistandan gatnaşanlaryň fosforly dökünleri ulanmak we ýüpegi gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça taýýarlan taslamalary hem aýratyn gyzyklanma döretdi.

“IT-taslamalary” ugry boýunça oba hojalygynda we bilim ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen sanly çözgütler ýokary baha mynasyp boldy. Olaryň hatarynda suw ýitgilerini emeli hemra arkaly gözegçilikde saklamak ulgamlary, maşyn öwreniş tehnologiýalaryny ulanmak arkaly işleýän akylly awtomatiki suwaryş ulgamlary, takyk ekerançylygyň zerurlyklary üçin niýetlenen az çykdajyly skanerler, şeýle hem “Bereketli Ädim” we “СтудБел” sanly platformalary bar. Mundan başga-da, suwaryşy akylly dolandyrmak we talyplar hem-de daýhan hojalyklary üçin sanly hyzmatlary döretmek boýunça taslamalar hödürlendi.

“Işewürlik taslamalary” ugry boýunça amaly ähmiýeti we täjirçilik taýdan durmuşa geçirmek mümkinçiligi bolan işläp taýýarlamalara ýokary baha berildi. Olaryň hatarynda kämilleşdirilen akwaponika ulgamy, önümçilik galyndylaryndan taýýarlanylýan kompozit materiallar, pomidorlary goramak üçin biologik serişdeler, darçynyň esasynda taýýarlanan antibakterial spreý, ýer almany ýygnamak işlerini mehanizmleşdirmek boýunça innowasion çözgütler, suwy arassalamak tehnologiýalary we serişdeleri özara alyşmak üçin niýetlenen sanly platforma bar.

Bellemeli zatlaryň biri-de, bäsleşige hödürlenen işleriň ep-esli böleginiň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we ýaş gözlegçileri tarapyndan taýýarlanylmagydyr. Bu bolsa ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga we häzirki zaman tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amaly taýdan ulanmaga bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bäsleşigiň netijeleri häzirki zaman ýaşlarynyň diňe bir ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, sanlylaşdyrmak, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň çözgüdini tapmaga gönükdirilen özbaşdak teklipleri hem öňe sürýändiklerini görkezdi.

III halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň geçirilmegi halkara ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, hünär gatnaşyklaryny giňeltmekde we ýaş nesliň innowasion mümkinçiliklerini ösdürmekde şeýle başlangyçlaryň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Türkmen oba hojalyk instituty ýaş gözlegçileriň ylmy pikirlerini we geljegi uly taslamalaryny durmuşa geçirmekleri üçin täze mümkinçilikleri döretmek bilen, bu ugurdaky işleri geljekde hem dowam etdirmegi maksat edinýär.

“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly geçirilen III halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň ähli ugurlar boýunça ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan gatnaşyjylary baradaky maglumatlary öz içine alýan jikme-jik netijeler aşakda goşulan faýlda görkezilýär.

 

Oba hojalyk taslamalary

IT-taslamalary

Işewürlik-taslamalary