Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

“Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahat

21.11.2026

34


“Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahat

Hormatly kärdeşler!

Türkmen oba hojalyk instituty ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogik işgärlerini 2026-njy ýylyň 17-nji dekabrynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlaryň tezislerini 2026-njy ýylyň 5-nji dekabryna çenli tohi.tm.info@gmail.com elektron poçta ibermeli.

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler:

I bölüm. Genetika we agrobiotehnologiýada innowasiýalar.

II bölüm. Biogorlar, bioremediasiýa we durnuklylyk.

III bölüm. Oba senagat toplumynda bilim we mümkinçilikleri ösdürmek.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti - Times New Roman, ölçegi - 14 pt, setir arasy - 1).

Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.

Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler şu salgylanmada ýerleşdirilen.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

telefon: (+993322) 9-34-59, +99365941740

elektron poçta: tohi_tm@sanly.tm