Agronomçylyk fakulteti

Agronomçylyk fakulteti

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakulteti aşakdaky ukyplara eýe bolan ýokary hünär derejeli, bäsdeşlige ukyply hünärmen-agronomlary taýýarlaýar:

  • ösümlikçilik we ekerançylyk ulgamynda innowasion, serişde tygşytlaýjy we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga;
  • Türkmenistanyň çylşyrymly toprak-howa şertlerinde esasy oba hojalyk ekinleriniň (gowaça, däne, gök-bakja önümleri) hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ylmy çemeleşmeleri işläp düzmäge we ulanmaga;
  • ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we agrar pudagyň durnukly ösüşi boýunça Döwlet Maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga;
  • seçgi, genetika we agrohimiýa ulgamynda düýpli we amaly ylymlary ösdürmäge, dünýä tejribesini milli şertlere uýgunlaşdyrmaga.

Şeýlelikde, fakultet häzirki zaman agrosenagat toplumy üçin hünärmen üpjünçiligini döredýän esasy bilim we ylym merkezi bolup hyzmat edýär.

Fakultetde aşakdaky hünärler boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:

  • Agronomçylyk;
  • Agrohimiýa we agrotopragy öwreniş;
  • Agroekologiýa;
  • Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy;
  • Ýyladyşhana hojalygy.

Agronomçylyk fakultetiniň düzüminde 4 sany kafedralar hereket edýär, ýagny

  • Ösümlikçilik;
  • Agrohimiýa we topragy öwreniş;
  • Bagbançylyk we gök ekerançylyk;
  • Jemgyýeti öwreniş ylymlary.

Agronomçylyk fakultetinde Innowasion agronomçylyk, Agrohimiýa hem-de Botanika okuw-barlag tejribehanalary hereket edýär.

Agronomçylyk fakultetiniň çäginde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy barlag Däneçilik institutynyň Daşoguz ylmy önümçilik synag hojalygynyň biofabriginde, S.Rometow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň Saýlantgy tohumçylyk we tejribe hojalygynda binýatlyk kafedralary hereket edýär.

Fakultetiň mugallymlary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlap çapa hödürleýärler.

Fakultetde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi kämilleşdirmäge, dökünleri ylmy esasda ulanmaga, oba hojalyk ekinleriniň keselleri we zyýankeşleri bilen göreşmäge gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şeýle hem, fakultetiň kafedralarynda mugallymlaryň ylmy-barlag işleri giň gerimli alnyp barylýar. Agronomçylyk fakultetinde tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde talyplara ylmy işleri alyp barmagyň usuly, usulyýeti, edebiýatlary seljermek we olara baha bermek ýaly işleri öwredilýär.

Ýaş alymlar geňeşiniň çäginde fakultetinde

  • Innowasion agronomçylyk;
  • EkoLife;
  • Kämil agrohimik;
  • Şöhratly taryh

atly talyplaryň ylmy gurnaklary hereket edýär.

Gurnaklar institut we ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde webinarlar, ylmy seminarlar, bäsleşikler, ussatlyk okuwlary, ylmy-amaly maslahatlar geçirýär. Şeýle-de önümçilik edara kärhanalara hem-de taryhy ýadygärliklere yzygiderli gezelençler guralýar.

Fakultetiň talyplary Türkmenistanyň taryhy, Iňlis dili, Himiýa, Biologiýa, Ekologiýa dersleri boýunça döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşyp uly üstünliklere mynasyp bolýarlar. Şeýle-de talyplaryň saýlap alan hünärine bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmakda hünar dersleri hasaplanýan Topragy öwreniş, Genetika derslerinden döwlet derejesinde geçirilýän olimpiýadalara fakultetiň talyplary işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlara eýeleýärler.

Sport, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek boýunça döwlet syýasatynyň wajyp ornuny eýeleýär. Fakultetiň talyplary futbol, woleýbol, basketbol, milli göreş, stol tennisi, ýeňil atletika ýaly sport ýaryşlarynda, şeýle hem şaşka, küşt we düzzüm ýaly stoluň üstünde aýnalýan oýunlarynda fakultetara we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar.

Institutda talyplaryň okuwdan boş wagtlaryny ýaşamak, medeni dynç almak we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Fakultetiň talyplary institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” atly döredijilik toparyna işjeň gatnaşýarlar. Fakultetde yzygiderli terbiýeçilik ähmiýetli dürli duşuşyklar geçirilýär, ol ýerde sagdyn durmuş ýörelgesi, Watana bolan söýgi, ýaşululara hormat goýmak wagyz edilýär. Ruhlanan fakultet talyplary “Talyp joşguny”, “Talyp gözeli”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri”, “Ýylyň talyby” ýaly bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, ençeme gezek öz döredijilik ukyplaryny subut etdiler we baýrakly orunlary eýelediler.