Institutyň okuw tejribe hojalygy

Institutyň okuw tejribe hojalygy

Institutyň meýdany 450 ga bolan ýörite okuw-tejribe hojalygy bar.

Hojalykda ekinleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalykda gowaça, bugdaý, ot-iýmlik ekinler, bakja ekinleri ekilýär, şeýle hem miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde meýdan şertlerinde topragy, ekini we döküni himiki seljeriş etmek bilen, talyplar sapakda berilýän nazary bilimleri tejribelikde çuňňur özleşdirýärler.

Okuw-tejribe hojalygynda institutyň alymlary, ýaş hünärmenleri talyplar bilen bilelikde ekerançylygyň we maldarçylygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Okuw-tejribe hojalygynda ýurdumyza getirilýän täze tehnikalary synag etmek, ýagny dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnikalarynyň ýurdumyzyň toprak - howa şertlerine laýyk gelşini barlamak işleri hem amala aşyrylýar. Bu ýerde Germaniýanyň “CLAAS” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tehnikalary synag edildi. Synag wagtynda hünärmenler önümçilik şertlerinde bu kombaýnlaryň ähli iş ulgamlarynyň we gurallarynyň işleýşini, olaryň iş öndürijiligine edýän täsirlerini, ýüze çykýan käbir näsazlyklaryny gysga wagtda düzetmegiň usullaryny öwrendiler. Synagyň netijesi boýunça önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlar taýýarlanyldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň gara maldarçylyk fermasynda S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýerleşýän Maldarçylyk toplumyndan alnan Golştin-friz tohumly mallar bilen ylmy synaglar ýola goýuldy.

Golştin-friz tohumy bilen tohumlandyrylan ene sygyrlaryndan göleler alyndy. Doglan göleler boýunça häzirki wagtda ylmy gözegçilikler alnyp barylýar. Göleleriň ösüşi, boý alşy, iýmitlendiriş aýratynlyklary gözegçilikde saklanylýar.