Institutyň ylmy önümçilik merkezi

Institutyň ylmy önümçilik merkezi

Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi ýokary guramalar bilen ylalaşylan we tassyklanan meýilnama esasynda ylmy-barlag işleri geçirýär. Oba hojalyk ekinleriniň (bugdaýyň, gowaçanyň, miweli baglaryň, üzümiň, gök-bakja we kösükli-däneli ekinleriň) seleksiýasyny we ilkinji tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barýar. Oba hojalyk ekinleriniň täze bol hasylly sortlaryny döredýär hem-de olary ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny işläp düzýär we önümçilige hödürleýär. Oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak üçin ýurdumyza getiriljek gerbisidleriň, fungisidleriň we insektisidleriň ilkinji synagyny geçirip, gowy netije görkezenlerini önümçilige teklip edýär. Oba hojalyk ylmynda gazanylan täzelikleriň oňyn netijeleri barada ylmy-tehniki žurnallara, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ylmy makalalary çapa hödürleýär. Oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek boýunça gollanmalary taýýarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasatyny wagyz etmek boýunça yzygiderli tele-radio ýaýlymlarda çykyş edýär.

Merkeziň Ylmy-önümçilik synag hojalyklary:

1. Ahal ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ahal ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar. Hojalykda şeýle hem ot-iýmlik ekinler, miweli baglar we üzüm ösdürlip ýetişdirilýär.

2. Daşoguz ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Daşoguz ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar, şeýle hem miweli baglar ösdürlip ýetişdirilýär. Hojalygyň biolaboratoriýasynda oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy peýdaly mör-möjekler öndürilýär.

3. Akdepe ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Akdepe ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar. Şunuň bilen bir hatarda, miweli baglary ösdürip ýetişdirilýär we olaryň nahalhanaçylyk işleri alnyp barylýar.

4. Lebap ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Lebap ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar. Hojalykda şeýle hem miweli baglar we üzüm ösdürlip ýetişdirilýär.

5. Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar.

6. Mary ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Mary ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar. Hojalykda şeýle hem miweli baglar ösdürlip ýetişdirilýär.

7. Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar, şeýle hem ot-iýmlik ekinler we miweli baglar ösdürlip ýetişdirilýär. Hojalygyň biolaboratoriýasynda oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy peýdaly mör-möjekler öndürilýär.

8. S.A.Nyýazow adyndaky ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň S.A.Nyýazow adyndaky ylmy-önümçilik synag hojalygynda döwlet tabşyrygy boýunça ekilýän güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň ýokary arkaly tohumlary ekilip ösdürilip ýetişdirilýär we öndürilen tohumlar önümçilige ýaýradylýar. Hojalykda, şeýle hem ot-iýmlik ekinler we miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär.

9. Etrek ylmy-önümçilik synag hojalygy:
Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Etrek ylmy-önümçilik synag hojalygynda zeýtun we nar agaçlarynyň baglary ösdürilip ýetişdirilýär.