Institutyň ylmy işleri

Institutyň ylmy işleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ylmy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň giň goldawlary bilen beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esaslarda alyp barmakda hem zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Muňa şu ugra degişli ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-barlag merkezlerinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde oba hojalyk ylmynyň ösüşlerine goşant goşmak maksady bilen amala aşyrylýan işler doly şaýatlyk edýär.

Institutymyzda “Daşoguz welaýatynyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly we duzlulyga çydamly sortlaryny öwrenmek”, “Daşoguz welaýatynyň şertlerinde güýzlük bugdaýy ýapragyndan iýmitlendirmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek”, “Şorlaşan ýerlerde gowaçanyň hasyllylygyna mineral we organiki dökünleriň täsirini ylmy esasda öwrenmek”, “Zeý akabalarynyň suwuny süýjedip gök ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ulanmak”, “Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde miweleri we gök-bakja ekinlerini saklamak we gaýtadan işlemek”, “Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde ýaş miwe bagynyň dökün düzgüni”, “Gara mallaryň ýokary önümli, kesellere durnukly gatyşyk toparyny döretmek” ýaly temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Bu temalarda ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynyň toprak-howa şertlerinde güýzlük bugdaýy, gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň kämil tehnologiýasyny işläp düzmek, güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň sort toplumyny öwrenmek, “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň akabasynyň zeý suwlaryny ekerançylykda ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, miweleri saklamagyň we gaýtadan işlemegiň usullaryny işläp düzmek ýaly ylmy işler alnyp barylýar.

Şeýle hem, kafedralarda Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde miweli baglaryň nahallarynyň ösdürilip ýetişdirilişini kämilleşdirmek, Daşoguz welaýatynyň şertlerinde gowaçanyň ýokary hasylly sortlaryny öwrenmek ýaly temalar boýunça ylmy işler alnyp barylýar.

Institutyň zehinli ýaş mugallymlarynyň ençemesi dürli ugurlar boýunça ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň aspirantura bölümlerine kabul edilip, özleriniň saýlap alan kandidatlyk temalary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Olardan Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň mugallymy B.Orazgylyjow „Daşoguz welaýatynyň çäklerinde gowaçany takyk ekmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek“, Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy B.Kurbanow „„Altyn asyr“ Türkmen kölüniň akabalarynyň suwuny ekerançylykda ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek“, Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallymy M.Meretmädow „Daşoguz welaýatynda mallaryň eşerihioz keseline garşy göreş çärelerini işläp düzmek“ ýaly temalar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Institutymyzyň ýaş mugallymlarynyň onlarçasy soňky ýyllarda ýurdumyzda geçirilýän ylmy bäsleşiklere, maslahatlara uly höwes bilen gatnaşýarlar.