Mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly baýaramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerimde geçirilýär. Türkmen oba hojalyk institutynda ata Watanymyzyň baky Bitaraplygyna 27 ýyl dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan döwlet syýasatynyň netijesinde döwletimiz baky Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen ykdysady-syýasy taýdan tanalmaz derejede ösýär, özgerýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar, ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň, welaýatlarynyň keşbi täzelenýär, türkmen obalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça deňsiz-taýsyz işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde Bitaraplyk taglymaty halkymyzyň ykbalynda bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly orun eýeleýändigi, Bitaraplyk syýasy-hukuk binýady hökmünde döwletiň durmuşynyň we wezipeleriniň ähli ugurlaryny, onuň içerki we daşarky syýasatyna, ykdysadyýetine, jemgyýetiň syýasy ýagdaýyna, aňyýetine, durmuş-ynsanperwer işlerine, watandaşlarymyzyň ählisiniň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly täsir edýändigi buýsançly bellenip geçildi.
Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýaramyna bagyşlanyp guralan bu aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren şirin mukamlarynda parahatçylygyň dostlugynyň beýany, şanly ýylymyzyň belent waspy, eziz Diýarymyzda Eziz Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary, belentden ýaňlanyp sazlaşykly sepleşip gitdi.
Işjeň ýagdaýda geçen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugyny ösdürmek, dostana goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da rowaçlandyrmak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.