INSTITUTYMYZDA USSATLYK OKUWLARY GEÇIRILDI

Uly şatlyga beslenip gelen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak babatynda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki günlerde ýurdumyzda sanly bilimi we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.Bu ugurda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýokary okuw mekdepleriniň işjeňligi hem barha artýar. Döwletimiziň ýokary okuw mekdepleri okuw we ylmy taslamalary önümçilige ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýarlar.

Biziň ýokary okuw mekdebimizde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy boýunça ýokary netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Institutda Erasmus+ maksatnamasynyň “Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar”atly taslamasy durmuşa geçirilýär. Oba hojalygynda takyk ekerançylyk ugrunda ylmyň soňky gazananlaryny we Ýewropa ýurtlarynyň ýeten sepgitlerini nazarda tutup, institutda taýýarlanýan hünärmenleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek hem-de täze okuw derslerini girizmek bu taslamanyň esasy maksady bolup durýar. Ýewropa bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy, takyk ekerançylyk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribelerini institutda ornaşdyrmak, ýokary okuw mekdebimizde hünär taýýarlygyny hem-de bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak maksady bilen maksatnamanyň çäklerinde usuly-ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

“Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar” taslamasynyň çäklerinde 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 13-21-i aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň öňde baryjy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary taslama gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmen oba hojalyk institunyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekillerine “Innowasiýalary we sanly usullary ekerançylykda ornaşdyrmak” boýunça sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi.

Bu okuw maslahatyna Türkmen oba hojalyk institutynyň tejribeli mugallymlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Maslahatda Plowdiw oba hojalyk uniwersitetiniň professory Dimo Atanasow “Häzirki zaman oba hojalygyna we işewürligine umumy giriş” atly temadan çykyş edip,ykdysady ösüş we durnuklylygy, oba hojalygynyň önümçilik ulgamlary - aýratynlyklary, görnüşleri we wezipeleri, resurslaryň, tehnologiýalaryň we önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklary, olaryň üýtgeýşi hem-de mümkinçilikleri dogrusynda täsirli gürrüň berdi. Maslahatda Çehiýanyň raýat ylymlary uniwersitetiniň professory Frantişek Kumhala “Takyk oba hojalygy üçin hasyllyk datçikleri” atly tema bilen çykyş etdi. Professor öz çykyşynda takyk oba hojalygy üçin hasyllyk datçikleri barada umumy düşünje, şeýle hem däne üçin hasyl datçikleriň esasy ýörelgelerini, olaryň kalibrlenmesi, ýalňyşlyklaryny takyk şertlerinde umumy gözegçiligiň ýola goýluşy baradaky meselelere aýratyn üns berdi. Plowdiw oba hojalyk uniwersitetiniň professory Krum Hristow “Global nawigasiýa hemra ulgamlary” atly temadan çykyş etmek bilen hemra ulgamlarynyň umumy düşünjeleri, koordinata we wagt ulgamlary dogrusynda çykyş etdi. Berliniň Tehniki uniwersitetiniň professory Elena Eýngorn “Inženerler üçin ýeňil başarnyklar” atly temadan baý maglumatlar bilen çykyş edip, onda liderlige mahsus ukyplar hem-de başarnyklar hünärmene zerur bolan başarnyklary kemala getirmegiň ýollary dogrusdynda täsirli gürrüň berdi. Çehiýanyň raýat ylymlary uniwersitetiniň professory Jitka Kumhalowa “Dronlardan alnan maglumatlary, suratlary ulanmagyň we gaýtadan işlemegiň ýollary” atly tema bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda dronlardan alnan maglumatlary kesgitlemegi, differensirlemegi, uçuşy meýilleşdirmegi, suratlary gaýtadan işlemegi, suratlary deşifrirlemegi baradaky meselelere aýratyn üns berdi.

Täsirliligi, maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanan bu okuw maslahatynyň ýurdumyzda takyk ekerançylygy ösdürmekde we ornaşdyrmakda, oba hojalygynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uly boldy.

Gülälek ÝAZMEDOWA,
Musa HANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary.