HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇÄKLERINDE

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ýylyň hem ýurdumyzyň taryhyna şanly seneler we wakalar bilen girjekdigine şübhe ýokdur. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň çekýän irginsiz aladalary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny ýokarlandyrmakda geçirýän döwrebap özgertmeleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Döwletimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmekde amala aşyrýan işleri gazanyljak üstünlikleriň binýadydyr. Sanly ulgama geçmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde köp sanly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň ähli ugurlary döwrebap tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriň okuw işinde, ylmy-amaly işlerinde dürli taslamalar alnyp barylýar. Şol bir hatarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyklar giň gerimde geçirilýär.

Şol halkara hyzmatdaşlyklaryň çäginde Türkmen oba hojalyk institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy boýunça “Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar” atly taslamasy alnyp barylýar. Bu taslamanyň çäklerinde oba hojalyk ulgamynyň geljekki hünärmenleri üçin niýetlenen döwrebap okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, oba hojalygynyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmak hem-de oba hojalyga ornaşdyrmagyň ýollaryny görkezmek ýaly işler geçirilýär. Mundan başga-da mugallymlaryň, hünärmenleri we oba hojalyk ulgamynyň işgärleriniň bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça sanly ulgam arkaly okuw maslatlary yzygiderli geçirilýär.

Muňa mysal edip, 2021-nji ýylyň 10-12-nji fewraly aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary taslama gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlaryna sanly ulgam arkaly “Emeli hemralary ulanmak arkaly ekerançylyga gözegçilik” atly okuw maslahaty geçirildi.

Nobatdaky okuw maslahatynda Türkmen oba hojalyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda oba hojalyk ulgamyna ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň mümkinçilikleri hem-de artykmaçlyklary dogrusynda gürrüň berildi.

Hususan-da EXOLAUNCH GmbH kärhanasynyň hünärmeni Daria Stepanowa “Kubik görnüşli emeli hemralaryň tehnologiýalary” atly tema boýunça çykyş etdi. Onda Ýeriň üstüne gözegçilik etmekde ulanylýan häzirki zaman emeli hemralaryň gurluş konstruksiýalary, tehniki enjamlary we programma üpjinçilikleri barada giňişleýin maglumatlar beýan edildi.

Çehiýanyň raýat ylymlary uniwersitetiniň professory Frantişek Kumhala “Takyk oba hojalygy üçin hasyllylyk datçikleri” atly tema bilen çykyş edip, onda professor takyk oba hojalygy üçin hasyllylyk datçikleri oba hojylyk tehnikalarynda ornaşdyrylyşy barada umumy düşünje, şeýle hem däne üçin hasyl datçikleriň maglumatlaryny almagyň, olary sazlamagyň aýratynlyklaryny, kompýuteriň monitorynda dogry görkezilmeginiň ýollary baradaky meselelere seredip geçdi.

Plowdiw oba hojalyk uniwersitetiniň professory Zhulieta Arnaudowa “Landsat we Sentinel emeli hemralary oba hojalyk meýdanlarynyň gözegçiliginde” atly temadan çykyş etmek bilen gözegçilik hemra ulgamlarynyň ulanyş usullary, olarda ösümlik örtiginiň wegetatiw ýagdaýlary barada maglumatlary dogry almak we sanly kartada görkezmek dogrusynda gürrüň berdi. Bu ulgamda ulanylýan hemra maglumatlarynyň suratlaryny gurnamagyň hem-de maglumatlary işlemäge degişli enjam we programma üpjinçiliginiň ýagdaýlary barada seredilip geçildi.

Umuman geçirilen okuw maslahaty maglumatlaryň köplügi we täsirligi bilen tapawutlanyp, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny sanlylaşdyrmakda, oba hojalyk işleriň rejeleşdirilmeginde we netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýetli bolup durýar.

Batyr NURYÝEW,
Aýmurat AHMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary