Türkmen oba hojalyk institutynda hoşallyk maslahaty geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Milli ýygyndymyzyň türgeni, ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony diýlip yglan edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary, döwletimiziň iri sport ýaryşlaryna gatnaşyp birnäçe medallara mynasyp bolan talyp ýaşlary şeýle-de dünýä çempionatynda altyn medallaryň eýesi bolup, ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny täzelän zenan türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa gatnaşdy.

Hoşallyk maslahatda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy baharynyň ilkinji aýynyň 10-njy günindäki taryhy wakalar öz beýanyny tapdy. Ozal hem habar berlişi ýaly, şol gün Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň altyn medallarynyň eýesi Ýulduz Jumabaýewanyň mynasyp bolan medallaryny, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyny we Şa serpaýyny - ýeňil awtoulagy gowşurmagy türkmen sportuna ýapylan serpaýdyr.

Şatlyk-şowhuna beslenen hoşallyk maslahatynda çykyş edenler milli sportumyzyň taryhynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazanan ilkinji zenan türgeni bolandygyny buýsançly nygtadylar.

Türkmen sportunyň dabaralanmagyna bagyşlanyp geçen hoşallyk maslahatynda ýokary okuw mekdebiniň Medeniýet merkeziniň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda milletimiziň kalby deý nurana, türkmen tebigaty deý owadan ýaşyl Baýdagymyzyň waspy şeýle-de döwlet berkararlygymyzyň, hemişelik bitaraplygymyzyň, asudalygymyzyň, erkinligimiziň waspy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişleriniň waspy giňişleýin beýan edildi.

Işjeň ýagdaýda geçen hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda okgunly ösýän türkmen sportuny mundan beýläkde has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Milli Liderimize alkyşlaryny beýan etdiler. Hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.