BÖTENDAGDA DÖWRAN BU GÜN

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda “Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagynyň zerurdygy” barada tabşyryklary beripdi. Şol tabşyryklardan ugur alyp Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikde gurnamagynda Bötendag belentliginde Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda başy başlanan tokaý zolagynda saýaly we pürli bag nahallaryny ekmek çäresi işjeň ýagdaýda guramaçylykly geçirildi.

Aral meselelerini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli kafedralarynda ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda şular bilen bagly ylmy-barlag işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwürmek işlerine işjeň gatnaşýan bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary Bötendag belentliginde bar bolan baglara ideg etmek, düýbini ýumşatmak, täze saýaly we pürli baglary ekmek işlerini uly hyjuw bilen amala aşyrdylar.

Aral deňziniň zyýanly täsiriniň öňüni almak, çölleşmäniň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşmak hadysasynyň öňüni almak we ekin meýdanlarynda topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bu bag ekişlik çäresi ekologiýa durnuklylygyny we howpsyzlygyny üpjün etmek, aýratyn hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli teklipleri hödürlemek bilen bir hatarda olary çözmek bilen baglanyşykly amala aşyrýan giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär.

Köpçülikleýin bag ekişlik çäresine gatnaşanlar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.