ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIKLERINI GEÇÝÄRLER

Şu günler 2021-nji ýylyň galla hasyly üçin ekilen bugdaýly meýdanlarda ýaş maýsalara ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işlere Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşýarlar. Ýokary okuw mekdebiniň Agronomçylyk hem-de Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünärleriniň talyplary tehniki sanly telematik ulgamlar bilen doly üpjün ýagyş ýagdyryjy enjamlar bilen bugdaýyň ilkinji ösüş suwunyň tutulyş işlerine gatnaşyp nazary alan bilimlerini önümçilikde kämilleşdirýärler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikler arkaly çuň özleşdirmekde Daşoguz welaýatynyň öňdebaryjy hojalyklarynda bolup yzygiderli kämilleşýärler. Bagtyýar talyp ýaşlar üstümizdäki Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň bereketli hasylynyň girewi bolan bugdaý pellerde bolmaklary aýratyn täsirlere beslendi. Talyp ýaşlar Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Sawdulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde bolup, ýagyş ýagdyryjy enjam arkaly ýaş maýsalara ýuwuş suwunyň tutulyş aýratynlygy bilen içgin tanyş boldular.

Bu bolsa, Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylym-bilim bilen önümçiligiň utgaşykly alnyp barylýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Bu ýerde halypa mugallymlar hem-de tejribeli telematik ulgam bilen doly enjamlaşdyrylan ýagyş ýagdyryjy suwaryş enjamlarda ilkinji ösüş suwunyň tutulmagynyň möhüm ähmiýetlidigini bellemek bilen özleriniň degerli maslahatlaryny berdiler.

Şeýle bagtdan paýly bagtyýar talyp ýaşlar özleri barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtýarlar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.