TEJRIBELER ARTDYRYLÝAR

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýyladyşhana hojalygyny ösdürmäge, ýylyň ähli paslynda halkymyzy gök we bakja ekin önümleri bilen bolelin üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynyşmagyň Watany” ýylynyň 25-nji martynda güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bir bada alty sany dörebap ýyladyşhanany açyp ulanylmaga bermegi bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Türkmen oba hojalyk institutynyň “Ýyladyşhana hojalygy” hünäriniň talyplary özleriniň halypa mugallymlary bilelikde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde açylyp işe girizilen “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda bolup bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän gök ekinlere ideg işleri bilen tanyşmaklary nazaryýet bilen tejribäni utgaşdyrmakda ähmiýetli boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary hem özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikler arkaly çuň özleşdirmekde Daşoguz welaýatynyň öňdebaryjy hojalyklarynda bolup yzygiderli kämilleşýärler.

okary okuw mekdebiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň talyplary ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän gök ekinler bolan pamidoryň dürli görnüşli sortlary bilen tanyş boldular.

Bu ýerde bolan talyplar gök ekinleriň adaty ekilişinden ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdiriliş aýratynlyklaryny içgin öwrendiler, bu babatda halypa mugallymlary ýyladyşhana alnyp barýan işleri barada özleriniň degerli maslahatlaryny berýärler.

Şeýle bagtdan paýly bagtyýar talyp ýaşlar özleri barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtýarlar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.