Logo

Türkmen oba hojalyk instituty

“DURNUKLY AZYK ÖNDÜRIJILIGI WE INNOWASIÝALAR” ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI

20.10.2026

11


“DURNUKLY AZYK ÖNDÜRIJILIGI WE INNOWASIÝALAR” ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňdebaryjy syýasaty netijesinde ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda döwrebap sanly tehnologiýalar, innowasion işläp düzmeler we durnukly önümçilik çemeleşmeleri giňden ornaşdyrylýar. Azyk bolçulygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek, oba hojalyk önümleriniň göwrümini we hilini ýokarlandyrmak häzirki zaman ylmynyň öňünde duran iň möhüm wezipeleriň biridir. Bütindünýä Azyk güni mynasybetli, 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynda “Durnukly azyk öndürijiligi we innowasiýalar” diýen temada amaly we ylmy taýdan uly ähmiýete eýe bolan ylmy seminar geçirildi.

Seminara institutymyzyň professor-mugallymlary, ýaş alymlary we işjeň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk önümçiliginde toprak-suw baýlyklaryny netijeli ulanmak, GIS (geoinformasion ulgamlar) we aralykdan zondirlemek tehnologiýalaryny önümçilige girizmek, şeýle hem ekin meýdanlaryny awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrmak ýaly wajyp temalar boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.

Ylmy seminarda talyplaryň özbaşdak taýýarlan ylmy-barlag işlerine we innowasion taslamalaryna aýratyn orun berildi. Seminaryň jemleri boýunça amaly we ylmy taýdan mazmunly, özboluşly çykyşlary bilen beýlekilerden has-da tapawutlanan talyplar bellenilip geçildi. Seminaryň jemleri boýunça amaly we ylmy taýdan mazmunly çykyşlary bilen Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Jennet Ýowbaýewa, Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Nasiba Satkenowa  hem-de Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Mahym Durdygylyžowa beýlekilerden has-da tapawutlandylar. Aýratyn bellenilen talyplaryň çykyşlary özüniň giň mazmunlylygy, ylmy taýdan düýpli çemeleşmesi hem-de önümçilikde ulanmaga niýetlenen amaly teklipleri bilen gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Seminaryň soňunda gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlaryň innowasion gözleglerine giň ýol açmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-da Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyza çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Guwanç MYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy