FAO-nyň SEBITLEÝIN TASLAMASY BOÝUNÇA IŞLER ALNYP BARYLÝAR

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak we şorlaşan oba hojalyk önümçilik ýerlerinde tebigy serişdeleriň toplumlaýyn dolandyrylyşy (CACILM-2)” atly sebitleýin taslama ýerine ýetirilýär. Bu taslamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýylyň 10-njy fewralynda Tebigy serişdeleriň toplumlaýyn dolandyrylyşy we ýer serişdeleriniň durnukly dolandyrylyşy boýunça işçi toparynyň wideo aragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Ahal we Daşoguz welaýat häkimliginiň wekilleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy we taslamalary utgaşdyryjy Müdirliginiň başlygy B.Berdiýew giriş sözi bilen açdy. Ol dünýäde oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny, ösen döwletlerde önümçiligiň öňdebaryjy tejribelerini ýurdumyzyň oba hojalygyna yzygiderli we netijeli ornaşdyrmakda FAO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de azyk howpsuzlygynyň meselelerini çözmek ulgamynda sebitleýin taslamanyň ähmiýeti barada çykyş etdi.

Soňra BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) milli dolandyryjysy R.Hanekow ýurdumyzda alnyp barylýan bu taslamanyň maksady, düzümleri hem-de taslamanyň çäklerinde 2020-nji ýylda alnyp barylan işler barada çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda taslamanyň milli ekspertleri S.Weýisow we K.Öwezmyradow özleriniň çykyşlarynda 2021-nji ýylda Türkmenistanda taslamanyň synag sebitleri üçin geografiki we tebigy ýerleşiş aýratynlyklaryna baglylykda daglyk sebiti üçin Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşigi, çöllük sebiti üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ýerbent” daýhan birleşigi, suwarymly ýerleri üçin Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşigi saýlanyp alnandygyny belläp geçdiler. Taslamanda synag sebitlerinde ýer serişdelerini durnukly dolandyrmak we gurakçylyk bilen bagly klimat howplaryny dolandyrmakda öňüni alyş ýollaryny ulanmak çygrynda ýerine ýetirilmeli çäreler barada tanyşdyryldy.

Taslama esasynda daglyk synag sebitinde miweli we ýabany ösýän miweli agaçlary ýetişdirmäge niýetlenen nahalhana döretmek, onda ýetişdirilen nahallary ulanmak arkaly tokaýlary dikeltmäni amala aşyrmak, damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly miweli agaçlary suwarmakda goşmaça meýdanlary döretmek, mallary suwa ýakmak üçin suw howdanlaryny gurmak işleri meýilleşdirilýär.

Çöllük synag sebitinde ýerli çöl ösümliklerini ýetişdirmäge niýetlenen nahalhanany döretmek we ýetişdirilen ýerli we gyrymsy agaçlardan tokaýy dikeltmäni amala aşyrmak, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak boýunça guýular, sardobalar, takyrlardan peýdalanmak, ilatly nokatlaryň töwereginde süýşýän çägeleri berkitmek, çöl öri meýdanlarynyň hasyllygyny artdyrmak tilsimatlaryny girizmek, ýüňden öndürilýän zatlar boýunça milli senetçiligi ösdürmek işleri meýilleşdirilýär.

Suwarymly ýerlerde şora çydamly ösümlikleri ýetişdirmäge niýetlenen nahalhanany döretmek, onda ýetişdirilen ýerli we gyrymsy agaçlaryndan tokaýy dikeltmäni amala aşyrmak, lazer tekizleýjileri ulanmak arkaly ýerleri tekizlemek, zaýalanan we ekin ekmäge ýaramsyz ýerleri dikeltmek, ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, bar bolan zeý akabalary arassalamak we täzelerini gurmak ýaly çäreleriň taslama tarapyndan durmuşa geçirilmegini meýilleşdirilýänligini belläp geçdiler.

Bulardan başga-da bu sebitleýin taslamanyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde Daşoguz welaýatynda duza durnukly agaçlary ösdürip ýetişdirmek arkaly şorlaşan ýerleri özleşdirmek ýaly birnäçe işleriň hem meýilleşdirilýändigini taslamanyň milli dolandyryjysy R.Hanekow öz çykyşynda belläp geçdi.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjy hünärmenleriň ýokarda agzalyp geçilen synag sebitlerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde, ýer serişdelerini durnukly dolandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.

Şatlyk PYGAMOW,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi