Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary Güneşli Diýarymyzyň gün-günden pajarlap ösýän oba hojalyk pudagynyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Oba hojalygynyň ygtybarly bilim ojagy okatmagyň ösen ylmy-innowasion tehnologiýalary, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler serişdeleri bilen doly üpjün edilip, talyp ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna, ylym, bilim we hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar.
Ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda ýaşlara döwrebap bilim bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, okatmakda sanly ulgama geçmek, sanly ykdysadyýet üçin zerur hünärmenleri taýýarlamak, täze tehnologiýalary, tehniki enjamlary we usullary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Bilim ojagynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, elektron seminarlar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň “Times Higher Education World University Rankings” atly dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna hem-de “UI GreenMetric World University Rankings” halkara reýtingine goşulmagy aýratyn buýsandyryjydyr.
Institutyň binýadynda “Gidromeliorasiýa” tejribehanasynyň döredilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan tejribehanada bu ugurda bilim alýan talyplar suwy tygşytly ulanmagyň döwrebap tehnologiýasyny öwrenýärler. Şeýle-de meýdan şertlerinde suw akabalarynyň ugrunda basyşa görä suwuň akymynyň sazlaýyşyny suw ölçeýiji döwrebap enjamlar arkaly içgin öwrenýärler.
Institutyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygynyň alnyp barlyşynda Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, okatmagyň audiowizual serişdeleri we medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän ERASMUS+ maksatnamasy boýunça “Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar” (NICOPA) atly taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda Geomaglumatlar merkeziniň ýokary derejede enjamlaşdyrylan Wirtual okuw otagy hereket edýär. Bu merkeziň üsti bilen talyplar ýer ölçemek we ýer kadastryny döretmek işlerine gatnaşýarlar.
Şeýle-de institutda Awtomatika wirtual okuw otagy we Taslamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň okuw otagy hereket edýär.
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde ýurdumyza getirilýän oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän “СLAAS”, “JOHN DEERE” we “KOMATSU” ýaly dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli häzirkizaman tehnikalarynyň gurluşyny, işleýşini, olara hyzmat edilişini talyplara öwretmek maksady bilen, ýokary derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglary hereket edýär. Okuw sapaklarynyň şeýle usullarda guralmagy talyp ýaşlarda öz saýlap alan hünärlerine bolan söýgini, yhlasy, höwesi has-da artdyrýar. Bagtyýar talyp ýaşlar nazary alan bilimlerini önümçilikde kämilleşdirmek maksady bilen erkana Watanymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan gowaça ekişine, bugdaý ekişine, ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamak işlerine, pagta ýygymyna şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine işjeň gatnaşýarlar we sanlaşdyrylan tehnikalary iş ýüzünde özleşdirýärler.
Institutyň kompýuter otaglary, elektron kitaphanasy bitewi bir tor ulgamyna birikdirilip, elektron kitaphananyň döredilmegi talyplaryň we mugallymlaryň ähli okuw kitaplaryny we gollanmalaryny netijeli peýdalanmaklaryna, şeýle hem daşary ýurtlarda neşir edilen okuw we ylmy edebiýatlar, täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň täzelikleri bilen tanyş bolmaklaryna mümkinçilik döredýär. Ýokary okuw mekdebimiziň kitaphanasynda elektron maglumat gorlaryny döretmekde köp işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da Türkmen oba hojalyk institutynda TOHI – portal atly içki bilim portaly taýýarlanyldy. Bu içki bilim portalynda mugallymlar üçin şahsy sahypalar göz öňünde tutulan. Mugallymlar şahsy sahypasynyň üsti bilen gündelik rejesini görmek, test soragnamalary ýüklemek, bahalary görmek, halypaçylyk edýän talyplarynyň ýetişigini we gatnaşygyny bilmek, elektron dergisini doldurmak, sazlamalary geçirmek ýaly işleri amala aşyrýarlar. Talyplar şahsy sahypasynyň üsti bilen gündelik rejesini görmek, test soragnamalary işlemek, bahalaryny görmek ýaly işleri amala aşyrýarlar.
Ýokary okuw mekdebiň talyplary halkara, internet we beýleki ders bäsleşiklerine hem-de döredijilik bäsleşiklerine, medeni köpçülik çärelerine yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesilleriň ýokary derejede ylym-bilim almagy, kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň, Alym Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edýärler.