Ylym bölümi

Ylym bölümi

Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy barlaglary we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Döwlet Maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, tejribeli mugallymlaryň hem-de zehinli talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda oba hojalygynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Ylym bölüminiň esasy maksady Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň ugurlaryna degişli döwlet we milli maksatnamalaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan we institutyň rektory tarapyndan tassyklanan meýilnama boýunça ylmy-barlag, taslama we innowasion döredijilik işlerini guramakdan ybaratdyr.

Ylym bölümi şu aşakdaky wezipeleri amala aşyrýar:

  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 13 belgili we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 14.02.2022ý. 43 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işlerini alyp barmak hakynda” Düzgünnama laýyklykda institutyň kafedralarynda, ylmy merkezlerinde, tehnologik parklarynda, beýleki düzüm birliklerinde ylmy-barlag işleriniň ýyllyk meýilnamasyny tassyklamak we olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek;
  • Türkmenistanyň Bilim ministriniň 17.01.2022ý. 12 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary okuw mekdebiň mugallymynyň şahsy iş meýilnamasyny düzmek boýunça” Gözükdirijä laýyklykda, institutyň kafedralary tarapyndan professor-mugallymlaryň ylmy-barlag işlerini meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek;
  • Türkmenistanyň Bilim ministriniň 14.08.2024ý. 262 belgili belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda” Düzgünnama laýyklykda ylmy-pedagogik işgärleriniň, kafedralaryň we fakultetleriniň reýtingini ýöretmek we onuň netijelerini seljerip istitutyň ýolbaşçylaryna hasabat bermek;
  • Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda institutyň kafedralarynda, ylmy merkezlerinde, tehnologik parklarynda, beýleki düzüm birliklerinde gözleg, ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk, ylmy-tehniki, synag işläp taýýarlamalary işleriniň ýerine ýetirilişini guramak;
  • institutyň kafedralary we beýleki düzüm birlikleri tarapyndan ylmy-barlag işleriniň hojalyk hasaplaşygy şertlerinde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen kärhanalar, edaralar, guramalar hem-de beýleki hojalyk subýektleri bilen şertnamalaryň baglaşylmagyna gatnaşmak;
  • Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kafedralarda professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagyna ýardam bermek;
  • bilelikde ylmy we ylmy-tehniki önümleri işläp taýýarlamak maksady bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralary, merkezleri hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;
  • ylmy-usuly, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, ylmy seminarlary hem-de beýleki ylmy çäreleri amala aşyrmak;
  • talyplaryň, ýaş alymlaryň, aspirantlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiklerini guramak hem-de geçirmek;
  • ylmy-amaly maslahatlaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) we ylmy makalalaryň ýygyndysyny çapa taýýarlamaklyga we neşir etmeklige ýardam bermek;
  • talyplaryň, ýaş alymlaryň, aspirantlaryň döwlet derejesinde geçirilýän ylmy, taslama we döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny ýola goýmak;
  • professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy gurnaklarynyň işini guramak;
  • ylmy-tehniki üstünlikleri patentleşdirmek we ygtyýarlylandyrmak, oýlap tapyşlary we täzeçillik tekliplerini bellige aldyrmak işlerine ýardam bermek;
  • halkara indeksli ylmy žurnallarda talyplaryň, aspirantlaryň we professor-mugallymlaryň ylmy makalalaryny çap etmeklige ýardam bermek;
  • ylmy-barlag we taslama işleriniň netijelerini önümçilige we okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna ornaşdyrmak;
  • institutyň derejesinde ylmy işler bilen baglanyşykly döwürleýin we ýyllyk, şeýle hem bölümiň işi barada hasabatlary taýýarlamak;
  • halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde ýokary bilimi we ylmy işleri ösdürmek boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek hem-de olar bilen tejribe alyşmak;
  • ylmy işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak;
  • institutyň ýerine ýetirýän wezipelerine we maksadyna laýyklykda öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri ýerine ýetirmek.

Tehnologiýalaryň transfer merkezi.

Türkmen oba hojalyk institutynda Tehnologiýalaryň transfer merkezi hereket edýär. Merkez ylmy-barlag we taslama işlerini täjirleşdirmek, institutyň mugallymlarynyň, talyplarynyň bähbitlerinden ugur alyp, intellektual eýeçiligi dolandyrmagy amala aşyrmak we tehnologiýalaryň transfer işini (täjirleşdirmegi) üpjün etmek, şeýle hem innowasion ulgamda konsalting, ylmy-tehniki we bilim hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-pedagogik işgärleriniň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynda hasaba alnan 11 sany çäklendirilen patentleri, 6 sany awtorlyk hukugyna degişli bolan obýektleri aldylar.

Halkara hyzmatdaşlygy.

Türkmen oba hojalyk instituty bilen Daşkent döwlet agrar uniwersiteti hem-de Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersiteti arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalar hereket edýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu ýokary okuw mekdepleriň hem-de institutymyzyň professor-mugallymlary onlaýn okuwlaryny gurnaýarlar, halkara ylmy çärelere gatnaşýarlar.